Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Owganystan meselesi boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde guraldy.
Mejlise Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Natalýa German, şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça Ýörite wekili Talgat Kaliýew we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynda (UNAMA) BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça syýasy meseleler babatda ýörite wekiliniň orunbasary Mette Knudsen dagy gatnaşdy.
***
Şeýle-de, şol gün sanly ulgam arkaly italýan kompaniýalary üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri atly ýurt boýunça tanyşdyrylyş maslahaty geçirildi.
Tanyşdyrylyş çäresinde italýan wekiliýetine Italiýa Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Manlio Di Stefano ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Türkmengaz we Türkmenhimiýa döwlet konsernleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de TAPI Pipeline Company Limited paýdarlar kompaniýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.