23-nji fewralda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň milli parlamentleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Onlaýn-forumyň gün tertibi Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) düzümi bolan Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 65-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri öz içine aldy.
BMG-niň Baş sekretarynyň kadalaşdyryş meseleleri boýunça kömekçisi, “BMG-zenanlar” düzüminiň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Asa Regneriň, BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMGÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebit edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç Eggeriň hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň wideoýüzlenmeleri diňlenildi.
Gender deňligini üpjün etmek hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan hem-de degişli ugurda esasy halkara Konwensiýalaryna goşulmak bilen, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz eýerýär.
Erkekler hem-de zenanlar üçin birmeňzeş hukuklary we azatlyklary döretmek ýörelgesi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Ugurdaş kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. 2021-2025-nji ýyllara niýetlenen gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasy kabul edildi.
Şu günki duşuşygyň çäklerinde 2021-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.
The post Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk appeared first on Zaman Türkmenistan.