Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda işleýän agentlikleriniň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy, ÝUNISEF-niň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baştutanlary gatnaşdylar.
Bilelikdäki meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini belläp, türkmen tarapynyň yzygiderli berýän goldawy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, BMG biziň ýurdumyzyň dürli ugurlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandyna ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň Baştutanynyň öňe süren döredijilikli başlangyçlaryny doly goldaýar.BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden käbir Rezolýusiýalary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda dünýä bileleşiginde biynjalyk döredýän koronawirusyň pandemiýasy baradaky mesele gozgaldy.Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze halkara-hukuk gurallaryny döretmegiň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz koronawirus ýokanjyna garşy göreşe taýýar bolmak we bu ugurda degişli işleri geçirmek baradaky Milli meýilnamalary taýýarlamak hakynda öňe süren teklibi üçin BMG-niň Baş sekretaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şu gün DIM-de geçirilen duşuşykda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýurdumyza howply ýokanç keselleriniň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça zerur bolan çäreleriň görülýändigi aýratyn bellenildi.
Degişli işler Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda hem-de milli kanunçylygy nazara almak bilen geçirilýär.Bellenilişi ýaly, Türkmenistan saglyk hem-de keselleriň öňüni almak meselelerinde ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen aň-bilim işlerini alyp barýar, munuň özi epidemiologik gözegçiligiň möhüm bölegi bolup durýar.
Biziň ýurdumyzda ýokanç keselleriň birnäçesiniň ýok edilendigi hakynda halkara güwänamalar ilatyň saglygyny goramak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň üstünlikleriniň ykrar edilmegi bolup durýar.
Bu ulgamda türkmen lukmanlarynyň toplan tejribesi Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitindäki döwletlerinde ýaýratmak üçin maslahat berildi.Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska Türkmenistanyň BSGG-nyň epidemiologik gözegçilik hem-de jogap çärelerini görmek boýunça Ählumumy ulgamynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýändigini aýdyp, halkyň saglygyny goramak babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Ýurdumyzyň ýokanç kesellerini azaltmak hem-de ählumumy sanjym işleriniň maksatnamasyny amala aşyrmak baradaky meselelere uly üns berýär.
Soňky ýyllarda sanjymlaryň milli senenamasyna täze waksinalaryň birnäçesi girizildi. Şol toplumlaýyn işler Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar hem-de olaryň makullamagyna eýe boldy. Ýokarda agzalan ýokanjyň ýurdumyza aralaşmagyna ýol bermezlik maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça adatdan daşary toparyň dolandyryş merkezleri döredildi.
Iş meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan çärelere gözegçilik we seljerme işleri geçirilýär.Duşuşyga gatnaşyjylar bu meselä jogapkärli çemeleşýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.