Daşary ýurtlardan lebap sementini satyn almaga barha köp isleg bildirýärler

Daşary ýurtlardan lebap sementini satyn almaga barha köp isleg bildirýärler

Köýtendag etrabynda 2013-nji ýylda işe girizilen sement zawody her ýylda 1 million tonnadan gowrak sement öndüren bolsa, şu ýylyň mart aýynda açylyp ulanmaga berlen zawodyň ikinji tapgyry önümçiligiň kuwwatyny iki esse artdyrdy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, geçen dört aýda 295 müň 204 tonna sement öndürilip, onuň ählisi sarp edijilere ugradyldy.Munuň özi bu ýerde öndürilýän sementiň dessine satyn alynýandygyny görkezýär.Daşary ýurtly işewürler hem lebap sementini satyn almaga barha köp isleg bildirýärler.

Olar geçen dört aýda 17 müň 826 tonna sement satyn aldylar.Dört aýda satylan sement önümlerinden kärhana gelen pul 58 million 741 müň 498 manada barabar boldy.

— Türkiýede, Germaniýada, Şwesiýada öndürilen döwrebap tehnologiýalar arkaly dolandyrylýan ähli enjamlaryň işleýiş düzgünlerini işgärlerimiz kemsiz ele aldylar. Biz indi olary 11 ýyldan gowrak wagt bäri birkemsiz ulanyp gelýäris. Eger-de bir näsazlyk ýüze çykjak bolsa, hünärmenlerimiz ony dessine düzedip ýetişýärler — diýip, kärhananyň önümçilik-tehniki bölüminiň başlygy Jowly Ýuldaşow gürrüň berýär.

Zawodyň esasy öndürýän önümi PS-400, PS-500 görnüşli sement bolmak bilen, olar ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Hiliň mydama ýokary derejede bolmagy üçin ýörite barlaghana hereket edip, onda önüm dört görnüşli seljermeden geçirilýär. Himiki derňewler, rentgen-spektrografik, fiziki barlaglar dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Barlaghanada seljermelere jogap berýän ýörite bilimli hünärmenleriň 28-si zähmet çekýär diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Balkan sement kärhanasynda ýokary hilli sement öndürilýär
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Maryda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullygynyň häzirki zaman merkezi açyldy
Türkmen alymlary azyk biotehnologiýasy esasynda täze önümleri işläp taýýarlaýarlar
Türkmenistanda biotehnologiýa pudagy üçin täze infrastruktura dörediler
Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy