DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Magtymguly Pyragy Ýer ýüzüniň halklaryna belent ruhly, sagdyn ahlakly, çuň many-mazmunly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Häzirki döwürde bütin adamzat türkmen halkynyň beýik oglunyň hatyrasyny belende tutup, söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç-kuwwat alýar. Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň we agzybirligiň mukamy bolup ýaňlanýan ajaýyp goşgulary her bir ynsanyň köňül nagşydyr, ýürek buýsanjydyr.

Şoňa görä-de, nusgawy şahyryň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň, Türkmenistan bilen dostlukly döwletleriň, şeýle hem beýik ynsanperwer şahyryň ajaýyp şygyrlarynyň teşnesi bolan adamlaryň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini halkara derejede giňden wagyz etmekde ýerine ýetirýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýan ylmy barlaglary, türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Neda Leonidowna Bergeri,

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Smitson institutynyň Milli tebigy-taryhy muzeýiniň antropologiýa bölüminiň jogapkär işgäri Pol Maýkl Teýlory,

Ermenistan Respublikasynyň Fortuna-Amşen çaphanasynyň direktory Waružan Surenowiç Saakýany,

Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň türkologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amaliýa Nşanowna Agajanýany,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň medeniýet we jemgyýetçilik işleri boýunça geňeşçisi Seýedmohammad Seýedali Hosseinini,

Eýran Yslam Respublikasynyň eýran türkmenleriniň edebiýatyna we medeniýetine bagyşlanan Ýaprak çärýekleýin halkara žurnalynyň hem-de Sähra hepdelik žurnalynyň baş redaktory Mahmud Marjan ogly Atagözlini,

Nyzamy Genjewi halkara merkeziniň (Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäheri) geňeşçisi, Hindistan Respublikasynyň Kaşmir şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Nasim Ahmed Şahy,

Hindistan Respublikasynyň Gahri Padla şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Abhaý Kumar Maurýany,

Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofengi,

Hytaý Halk Respublikasynyň Niňsiýa uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory Çžao Sýaoszýany,

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölüminiň Pakistanda ýaşaýan türkmenleriň Magtymguly adyndaky birleşiginiň başlygy Mohammad Rahim Kliçi,

Pakistan Yslam Respublikasynyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa institutynyň prezidenti Nur Farhat Asifi,

Russiýa Federasiýasynyň Moskowskiý literator gazetiniň baş redaktory Iwan Ýurýewiç Golubniçini,

Ukrainanyň Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwreniş ylmy-barlag institutynyň baş ylmy işgäri Mikola Waskiwi,

Ukrainanyň Taras Şewçenko adyndaky Proswita bütindünýä jemgyýetiniň ýolbaşçysy Pawlo Mowçany,

Ýaponiýanyň ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiakini,

Gyrgyz Respublikasynyň Çingiz Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň müdiri Abdyldažan Amanturowiç Akmataliýewi,

Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti, kompozitor Tugelbaý Toktogulowiç Kazakowy,

Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň agzasy Sirojiddin Salyhowiç Saidowy,

Özbegistan Respublikasynyň Alyşir Nowaýy adyndaky Daşkent döwlet özbek dili we edebiýaty institutynyň edebiýatyň nazaryýeti we häzirki zaman edebiýaty kafedrasynyň müdiri Bahodir Nurmetowiç Karimowy,

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti, Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň direktory Isa Akbar ogly Habbibeýlini,

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri Ismihan Magammad oglu Osmanlyny,

Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň (aşaky palatasy) deputatlaryň etikasy boýunça komissiýasynyň başlygy Faýzullo Baratzodany,

Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Azat daýhan birleşiginiň başlygy Meretkul Awlýakulowiç Gaýypnazarowy,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geňeşçisi, L.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň telewideniýe-radio we jemgyýetçilik gatnaşyklary kafedrasynyň professory Bauyržan Žumahanuly Omarowy,

Gazagystan Respublikasynyň L.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň türki ylymlar kafedrasynyň professory Amantaý Žaryikasynuly Şaripi,

Türkiýe Respublikasynyň Başkent uniwersitetiniň Alyşir Nowaýy adyndaky Ylmy-barlag merkeziniň ýolbaşçysy Güzel Abdurahmany,

Türkiýe Respublikasynyň Ankara uniwersitetiniň dil we taryh-geografiýa fakultetiniň häzirki zaman türki dilleri we edebiýatlary kafedrasynyň mugallymy Berdi Saryýewi,

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Akimowiç Raýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary jöwher paýhasyň miwesi
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Täjik edebiýaty
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär
Özbegistanly talyp Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guran bäsleşiginde ýeňiji boldy