Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa al-Katariýa (Katar): Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Owganystan bilen bagly diplomatiýasyny dowam etdirýär.

Al-Watan (Oman): Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki howa menzilinde başdan geçirilen haosda köp sanda çaga ýogaldy, köp sanda çaga bolsa dereksiz ýitdi.

Al-Zeman (Yrak): Amerikanyň we Ýewropanyň çeşmeleri, Owganystandaky ewakuasiýa işleriniň wagtynda tamamlanmagynyň mümkin bolmandygyny aýdýan bolsalar, Taliban beren möhledini uzatmagy ret edýär.

Deutsche Welle: Owganystandaky nemesleriň we ýerli işgärleriň ewakuasiýa işlerindäki gijikmeler sebäpli tankydy belliklere sezewar galan Germaniýanyň Goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbauer kararlaryň jogapkärçiligini almaga taýardygyny beýan etdi.

Süddeutsche Zeitung: Germaniýanyň hökümeti epidemiýa garşy göreşde häzirki wagta çenli güýjüni goran keselleýjilik görkezijileriniň ýerine, hassahanalaryň dolulyk derejesini täze görkeziji hökmünde kabul etmek isleýär.

Tageschau.de: ABŞ we Germaniýa adatdan daşary ýagdaýlar üçin düşelgeler gurmagy meýilleşdirýärler. Owganystandan ewakuasiýa edilen takmynan 4 müň adam ABŞ-nyň Bawariýadaky we Reýnland-Pfalsdaky bazalarynda wagtlaýyn galyp bilerler.

Le Figaro: Fransiýa alynyp gidilen 5 owgan, Taliban bilen arabaglanşykly bolanlygy sebäpli göz tussaglygyna alyndylar.

Le Parisien: Fransiýanyň Saglygy goraýyş ministri Oliwýe Weranyň beren beýanatyna görä sentýabr aýyndan başlap 65 ýaşdan ýokary ýaşda bolan adamlara 3-nji doza Kowid-19 sanjymy edilip biliner.

Rossiýskaýa Gazedi: Russiýanyň Daşary işler ministrligi: "Russiýa Ukrainanyň topraklaryndan gaz geçirmeden hem maksatlaryna ýetip biler" diýip belledi.

RBK: 2021-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda Türkiýä 1,55 milliondan gowrak rus syýahatçy bardy.

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada okuw ýyly sentýabr aýynda orta mekdeplerde we liseýlerde okaýan okuwçylaryň ýarsyna sanjym edilmek bilen başlar.

El Mundo (Ispaniýa): ABŞ, Pfizer we BioNTech kärhanalarynyň sanjymlaryny dolulygyna tassyklady.

Telesur (Wenesuela): Argentina duşenbe güni Halkara Pul gaznasyndan 4,355 million dollar aldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Owganystandaky Mirasy
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy
JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT