Al-Düstur (Iordaniýa): BMG: "Palestinaly çagalar diňe bilim berilmäge däl, eýsem howpsuzlyga hem mynasypdyr" diýip belledi.
Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Beýik Britaniýa): ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Owganystanyň goşunyny Taliban bilen söweşmek islemezligi bilen günäkärledi.
Al-Jezire telewideniýesi (Katar): "Aksios" atly internet saýty, ABŞ-nyň resmileriniň biriniň Talibanyň ABŞ-daky Owganystanyň Merkezi bankynyň ätiýaçlaryna elýeterliligine rugsat bermejekdigini aýdandygyny habar berdi.
Bild.de: Germaniýanyň harby uçary Owganystanyň paýtagty Kabul şäherine gondy, emma diňe 7 adamy halas edip bildi.
Deutsche Welle: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Owganystan bilen bagly: "Elhenç, dramatik, gorkunç" diýip nygtady.
Handelsblatt.de: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden: "Kabul eden kararymyň arkasynda durýaryn" diýip belledi. Jo Baýden amerikan esgerleriň Owganystandan çekilmek tapgyryny goldady. Amerikan esgerlerine hüjüm guralan halatynda Talibana tiz we berk garşylyk görkeziljekdigini beýan etdi.
Le Figaro: Fransiýada ýüzlerçe ýangyn söndüriji ýurdyň War sebitindäki ýangynlara garşy göreş alyp barýar.
Le Monde: Owganystan: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bikanun immigrantlara garşy göreşiň alynyp baryljakdygyny mälim etdi.
Le Parisien: Owganystanda fransuz esgerlere kömek eden owgan terjimeçiler we raýatlar: "Biz fransuzlara kömek etdik, indi bolsa olar bize kömek etmeli" diýip aýtdylar.
El mundo (Ispaniýa): Ispaniýanyň Owganystandaky başdan geçirmeleriniň ýitgisi: 102 adam ýogaldy we 3 million ýewroadan gowrak pul çykdajysy boldy.
El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada koronawirus epidemiýasyna garşy sanjym tapgyry, tomus aýlarynda 2 esse azaldy.
El Nasional (Wenesuela): Wenesuelada Kowid-19-a garşy ilatyň diňe 7 göterimine sanjym edildi.
Lenta.ru: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, 2021-2024-nji ýyllary öz içine alýan galplyga garşy göreş meýilnamasyny tassyklady.
TASS: "IDEF’21" sergisi Russiýanyň meşhur goranyş kärhanalarynyň gatnaşmagynda şu gün Stambulda öz işine başlar.
Komsomolskaýa Prawda: Ýewropa Parlamenti: "Russiýa we Hytaý Owganystandaky syýasy boşlugy doldurmaga synanyşarlar" diýip habar berdi.