Al-Zeman (Yrak): Türkiýe owganlaryň 3-nji bir ýurda ýerleşdirilmegi bilen bagly Amerikan taslamasyny tankyt etdi.
Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Türkiýe 33 aýry şäherde ýüze çykan 167 ýangyny söndürmegiň hötdesinden geldi.
Al-Watan (Oman): Gresiýada koronawirus sanjymyny etdirmegi ret eden mugallymlaryň aýlyk-günlükleri azaldylar.
Le Monde: Meksika, amerikaly ýarag öndürijilerine garşy ilkinji gezek hukuk taýdan göreş başlatdy.
Le Figaro: ABŞ, serhetlerini koronawirus sanjymyny etdiren syýahatçylar üçin açmagy göz öňünde tutýar.
France 24: Fransiýa döwletine howanyň hapalygy sebäpli 10 million ýewrolyk rekord derejede pul jezasy berildi.
Deutsche Welle: Germaniýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýurgen Şuls, ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy artdyrmak isleýändikleirni belläp: "Türkiýe ÝB-niň hiç hili hyzmatdaşy däl. Aýratyn bir ýurtdyr" diýip belledi.
deutschlandfunk.de: Türkiýede, Gresiýada we Italiýada aşa yssy howa we tokaý ýangynlary dowam edýär.
Spiegel.de: ABŞ-nyň Türkiýe ýaly 3-nji ýurtlara baran we kesgitlenen şertleri berjaý eden owganlary kabul etjekdigi baradaky beýanatyna resmi Ankara reaksiýa bildirdi.
El Pais (Ispaniýa): Ýangynlar aşa yssy howa sebäpli Gündogar Ortaýer deňizini ýuwudyp barýar.
La Jornada (Meksika): Wenesuelanyň hökümedi bilen oppozisiýanyň arasyndaky gepleşikler şu aý Meksikada geçiriler.
Klarin (Argentina): Argentinanyň hökümeti kombinirlenen sanjymy tassyklady. Spunik V sanjymyndan soň 2-nji doza hökmünde Moderna ýa-da AstraZeneca kärhanasynyň sanjymy edilip biliner.
Wedomosti: Beýik Britaniýa, Fransiýa, ABŞ, Irlandiýa, Norwegiýa, Estoniýa we Albaniýa ýaly 7 ýurt Russiýa Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň garaşsyzlygyny kabul etmek baradaky kararyndan ýüze öwrümek barada çagyryş berdi.
RIA Nowosti: Russiýada halka her 6 aýda bir gezek koronawirusa garşy sanjym etdirmekleri barada çagyryş berildi.