Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Düstur (Iordaniýa): Iordaniýanyň Şasy II Abdullah Saud Arabystanynyň özlerine beren goldawyny takdyr edýändiklerini belledi.

Al-Kuds al-Arabi (Saud Arabystany-Beýik Britaniýa): Aralarynda Alžir döwleti hem bolan käbir Afrika ýurtlary, Ysraýylyň Afrika Bileleşigine synçy ýurt hökmünde kabul edilmegine resmi ýagdaýda nägilelik bildirdiler.

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýä ýangyna garşy göreşde goldaw beren Katara we beýleki ýurtlara minnetdarlyk bildirdi.

BR24.de: Ýewropa Bileleşigi Türkiýäniň tokaý ýangynlaryna garşy göreşine goldaw berýär.

Tagesschau.de: Germaniýada Ýaşyllar partiýasy, federal saýlawdan soň hökümetde galan halatynda "Daşky gurşawy goramak ministrligini" döretmek isleýär.

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Germaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi, mugt koronawirus testleriniň oktýabr aýynyň ortasynda bes edilmegini teklip etdi.

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýa koronawirus epidmeiýasyna garamazdan 19,59 million Sosial howpsuzlyk agzasy bilen iýul aýynda rekord goýdy.

El Periodiko (Ispaniýa): Kataloniýa çarşenbe gününden başlap 12-15 ýaş aralygyndaky çagalar topary üçin Kowid-19 sanjymyny başladar.

EFE agentligi (Ispaniýa): ABŞ-nyň Senady, 11-nji iýulda bolan protestlerden soň Kubadaky basyşy ýazgaran karary sesleriň köplügi bilen kabul etdi we ýurdyň halkyna raýdaşlyk ýüzlenmesini berdi.

Le Figaro: Kowid-19: Korsikada syrkawlara ýetişmek maksady bilen hassahanalaryň mümkinçilikleri artdyryldy.

Le Monde: Kowid-19: Gwadelupa adasynda ýagdaý elhenç, azyndan 3 hepdelik möhlet bilen dolulygyna ýapylmak barada karara gelindi.

RT: Amerikanyň National Interest žurnaly, Russiýanyň "Demirgazyk Akym 2" taslamasy tamam bolanyndan soň Ukrainany jezalandyrjakdygyny beýan etdi. Ukrainanyň üstünden geçirilýän gaz tranzidi çäklendiriler, ÝB-niň bähbitlerine zyýan ýetmejekdigi üçin olar hem Russiýa-Ukraina arasynda araçy roly oýnamak babatynda islegsiz bolarlar.

Lenta.ru: Russiýanyň Rospotrebnadzor gullugynyň başlygy Anna Popowa, Russiýada Kowid-19 bilen bagly ýagdaýyň tankydydygyny belledi. Iýul aýynyň soňky 3 hepdesinde wirusa ýolugan adamlaryň 70 göteriminde koronawirusyň Delta görnüşi hasaba alyndy.

Izwestiýa: Rus karate söweşijisi Anna Çernyşowa koronawirus testi položitel çykanlygy sebäpli Tokio Olimpiýa oýunlarynyň çägindäki ýaryşlara gatnaşyp bilmez.

Ýene degişli makalalar

Marsyň çuňluklarynda gizlin ummanlar tapyldy
Şu gün Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna bagyşlanan halkara forum açylýar
Dubaýda 112 million dollara penthaus satyldy
HALK MASLAKHATY IS A RELIABLE PILLAR OF DEMOCRACY IN TURKMENISTAN
Altun Türkiýäniň Netijeli we Durnuklaşdyryjy Başlangyçlaryny Dowam Etdirjekdigini Beýan Etdi
Ýel energiýasynda rekord goýdy
BAE-de zenanlardan düzülen ilkinji simfoniki orkestr döredildi