Al Jazeera: Tunisiň Prezident Kaýs Said, dolanşyk ygtyýaryny öz üstüne alandygyny aýan etdi, hökümeti wezipeden çetleşdirdi we parlamendiň ygtyýaryny togtatdy.
Al-Kuds Al-Arabi: Derada tapgyrlaýyn ylalaşyk: Embargonyň aýrylmagy bilen ýaraglar yza çekiler, harby we howpsuzlyk toparlary dörediler.
Al-Dustour (Iordaniýa): Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, "Pegasus" atly içaly programma bilen bagly resmi Tel-Awiwden düşündiriş talap etdi.
Deutsche Welle: Germaniýanyň Federal Kansler ofisiniň başlygy Helge Braun, koronawirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň artyp biljekdigi barada duýduryş berdi. Braun, raýatlary sanjym bolmaga çagyrdy, sanjym etdirenleriň has köp azatlyga eýe boljakdyklaryny beýan etdi.
Spiegel.de: Tebigy apatlar Respublikasy Germaniýa. Sil apatlary, tupanlar we tokaý ýangynlary: Ozal çendenaşa hökmünde kabul edilýän zatlar şu günki gün adaty bolmaga başlady.
El Pais (Ispaniýa): Ispaniýanyň hökümeti, öňümizdäki günlerde jemi 30 müň 455 iş bilen taryhynyň iň uly döwlet iş üpjünçiligini başlatmak üçin ýurdyň Şasynyň kararnamasyny tassyklamagy meýilleşdirýär.
El Komersio (Peru): Ispaniýanyň Şasy VI Filip, Prezident wezipesine saýlanan Pedro Kastillonyň kasam edişlik dabarasyna gatnaşmak üçin ertir Peru sapar gurar.
Infobae (Argentina): Ispaniýa Argentina, Kolumbiýa we Boliwiýa ýaly ýurtlardan gelen ýolagçylar üçin mejbury karantin düzgünini ýola goýar.
Le Figaro: Kowid-19: Fransuzlaryň takmynan 60 göterimi azyndan 1-nji doza sanjymyny etdirdi.
Le Monde: Kowid-19: Sanjym karty gollanmasyna garşy nägilelikler artýar, 161 müň oppozisioner Fransiýada protest geçirdi.
France 24: Tunisiň Prezidenti Kaýs Said, protestleriň netijesinde ýurdyň Premýer ministri Hişam al-Meşişini wezipesinden çetleşdirdi, parlamentiň işini togtatdy.
TASS: Ýaponiýa Russiýanyň Premýer ministri Mihail Mişustiniň Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Iturup adasyna sapar guramagy sebäpli Russiýany protest eder.
RIA Nowosti: Russiýanyň Woleýbol ýygyndysy Tokio 2020 Tomusky Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-nyň ýygyndysyndan 3-1 hasabynda üstün çykdy.
Rossiýskaýa gazedi: Russiýa arzan benzin boýunça Ýewropada 2-nji orunda durýar.