Al-Düstur (Iordaniýa): Ysraýyl ýuwujy serişdelerde ulanylýan çig malyň Palestinanyň Gaza sebitine salynmagyna päsgel bermäge dowam edýär.
Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Beýik Britaniýa): Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Abdülhamid Dibeýbeniň uçary, Liwiýanyň Tobruk şäherindäki howa menzilinden uçuş zolagynyň elektrik toklarynyň näbelli adamlar tarapyndan bilkastlaýyn ýagdaýda kesilmeginden soň, ulaglaryň yşyklarynyň kömegi bilen uçdy.
Al-Raya al-Katariýýa (Katar): Kataryň Premýer ministri we Içeri işler ministri Şeýh Halid bin Halife bin Abdülaziz Al-Sani, Saud Arabystanynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mansur bin Halid bin Abdullah al-Herhan Al-Saudy kabul etdi.
Deutsche Welle: Russiýadan Türkiýä uçar saparlaryň sany artýar.
ard.de: Germaniýada ilatyň 38 göterimi koronawirus sanjymynyň 2-nji dozasyny, 55 göterimi bolsa 1-nji dozasyny etdirdi.
zdf.de: Ýewropada etiň sarp edilşi azalýar.
Lenta.ru: Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, resmi Waşingtonyň duşmançylykly hereketler eden halatynda Moskwanyň berk jogap berjekdigini mälim etdi.
TASS Agentligi: Kamçatka ýarymadasynda AN-26 kysymly ýolagçy uçar bilen aragatnaşyk kesildi. Uçaryň içinde 29 adam bardy.
Regnum Agentligi: Indoneziýanyň Daşary işler ministri Retno Marsudi bilen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda geçen duşuşykda, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Indoneziýa guramagy ähtimal saparynyň taýarlyklary ara alynyp maslahatlaşyldy.
El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada diňe 5 awtonom zolak 20 ýaşlaryndaky ýaşlara sanjym etdirmek mümkinçiligini hödürleýär.
Infobae (Argentina): Nikaragua: Ýurdyň Döwlet baştutany Daniel Ortega syýasy tussaglylaryň ýanyna aklawçylarynyň ýa-da dogan-garyndaşlarynyň gelmeklerine rugsat bermeýär.
Prensa Latina (Kuba): ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet, ýurdyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň Kuba garşy syýasatyny tassyklady.
Le Monde: Kowid-19: Fransiýanyň hökümeti sanjymlaryň sanyny artdyrmak üçin dogry usuly gözleýär.
France 24: Kan kino-film festiwaly, uly kino görkeziliş bilen gaýdyp gelýär.
France 24: Kowid-19: Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, 19-njy iýulda çäklendirmeleriň aýryljakdygyny habar berdi.