Le Soir: Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäheriniň resmileri, 9-njy iýundan başlap köpçülikleýin we söwda edilýän köçelerden daşary ýerlerde örtük dakmagyň mejbur bolmajakdygyny habar berdiler.
Le Monde: Dünýä derejesinde Kowid-19: Ispaniýa serhetlerini sanjym etdiren syýahatçylara ýaňadandan açýar.
France 24: Geçirilen sowalnama görä, polisiýa işgärleriniň 1/4 böleginde özüniň janyna kast etmek pikiri bar.
Aldustour: Liwan: Demonstrantlar benzin we elektrik toklaryň kesilmegini protest etmek maksady bilen ýollary ýapdylar.
Aldustour: Arap Bileleşigi Ysraýyla Iýerusalimdäki ýagdaýy dartgynlaşdyrjak aksiýalar babatynda duýduryş berdi.
El Pais (Ispaniýa): Ispaniýa Ýewropada syýahat edip bilmek üçin sanly şahadatnamany işe girizýär.
La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes we Kataloniýa hökümetiniň başlygy Pere Aragones täze dialog we ylalaşyk etabyny başlatmak babatynda ylalaşyk gazandylar.
El Komersio (Peru): Milli Saýlaw geňeşi, Perudaky saýlawlardan soň sesleriň 93,66 göteriminiň sanalandygyny, Pedro Kastillonyň sesleriň 50,18 we Keýko Fuhimoriniň bolsa sesleriň 49,82 göterimini alandygyny habar berdi.
Tagesschau.de: Germaniýada hormatly dynç alyşa çykyş ýaşy 68 bolup biler. Deputatlar pensiýa ýaşlarynyň 68 bolmasa ykdysady krizise sezewar bolup biljekdigini aýdýarlar.
Frankfurter Rundschau: Robert Koh instituty Germaniýada wirusa ýolugýanlaryň sanynyň barha azalýandygyny habar berdi.
TASS: Hytaý Koreýa ýarymadasy meselesi babatynda Russiýa Federasiýasy bilen dialoga taýardygyny mälim etdi.
RIA Nowosti: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ukrainaly kärdeşi Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, ony tomus aýlarynda Waşingtona sapar guramaga çagyrdy.
RBK: Russiýanyň ABŞ-daky ilçihanasy, ABŞ-nyň Skandinawiýadaky "Arctic Challenge Exercise" türgenleşigine gatnaşmagyny öjükdiriji hereket hökmünde häsýetlendirdi.