TASS agentligi: Russiýanyň Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko, ýurdyň ýarsyndan gowragynda ölüm görkezijileriniň Kowid-19-dan ozalky derejä çenli peselendigini habar berdi.
Lenta.ru: Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, ABŞ-nyň Russiýa tarapyndan gurulýan "Demirgazyk Akym-2" taslamasyna garşy embargo goýmazlyk baradaky kararyna haýran galandygyny beýan etdi.
RIA Nowosti: ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Russiýanyň syýasatyny üýtgeden halatynda hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny, emma 16-njy iýunda geçiriljek Wladimir Putin-Jo Baýden duşuşygynda Moskwanyň olar ýaly niýet beýan etjeginden şübhe duýandygyny mälim etdi.
Al Kudus Al Arabi: Ysraýylyň Daşary işler ministri Gabi Aşkenazi, ýurdyň wagtlaýyn Premýer ministri Benýamin Netanýaha Aksa Metjidiniň töwereginde dartgynlyk emele gelip biljekdigi barada duýduryş berdi.
Al-Dustour (Iordaniýa): ABŞ Iýerusalimdäki ýagdaý we Gaza garşy başga bir hüjümiň guralmak ähtimallygyna garşy aladalanýandygyny beýan etdi.
Al Jazeera: Nahda suw bendi: Müsüriň we Sudanyň duýduryşlary artýar. Efiopiýanyň goşuny bolsa islendik hüjümi yzyna serpikdirmäge taýardygyny aýan etdi.
Der Standard (Awstriýa): Russiýanyň hökümeti "Demirgazyk Akym-2" taslamasyny ýylyň ahyryna çenli tamamlamagy meýilleşdirýär.
Frankfurter Allgemeine Zeitung: Saksoniýa-Anhalt welaýat mejlisindäki saýlaw: Hristian demokrat bileleşigi partiýasy Germaniýa üçin alternatiwa partiýasyndan uly tapawut bilen üstün çykdy.
Spiegel.de: Koronawirus epidmeiýasy bilen bagly öwezini dolma: ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp koronawirus epidemiýasy sebäpli zyýanyň öweziniň dolunmagy üçin Hytaýdan 10 trillion dollar talap etdi.
El País (Ispaniýa): "Raýat howpsuzlygy kanuny" özgertme gepleşikleri togtady. Ispaniýanyň Içeri işler ministrligi, hökümete şärik bolan Unidas Podemos partiýasynyň garşy bolmagyna garamazdan, serhetde saklanan bosgunlaryň tiz wagtda yzyna gaýtarylmagynyň tarapdary.
El Uniwersal (Meksika): ABŞ Meksikany üstünlikli saýlaw etabynyň geçirilmegi bilen gutlady.
El Komersio (Peru): Peruda umumy saýlaw: Keýko Fuhimori sesleriň 52,4 göterimini, Padro Kastillo bolsa sesleriň 47,5 göterimini aldy.
Le Parisien: Daşary ýurtly maýadarlar babatynda, Fransiýa Ýewropanyň iň özüne çekiji ýurdy bolmaga dowam edýär.
Le Monde: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ýurdunyň döwrebaplaşdyrylmagyny başlatmak üçin ýurdyň saglygy goraýyş ýagdaýynyň gowulaşmagyndan peýdalanmak isleýär.
Le Figaro: Fransiýa howp astynda bolan ýüzlerçe owgan işgäri kabul eder.