Businessinsider.de: Türkiýäniň elektrik tokda işleýän awtoulag öndürijisi TOGG Germaniýada kärhana gurar.
Süddeutsche Zeitung: Ýakyn Gündogar: Türkiýe Ysraýylyň edýänlerini uly ses bilen protest edýär, Arap ýurtlary bolsa sesini çykarmaýar.
Deutsche Welle: Saud Arabystany-Eýran gatnaşyklary: Iki güýçli bäsdeşiň arasyndaky gönüden gepleşikler Pars aýlagy sebitinde dartgynlygy azaldyp biler.
El Klarin (Argentina): Argentinanyň Daşary işler ministri Felipe Solanyň Gazadaky hüjümleri ýazgarmagyndan soň, Ysraýylyň Buenos-Aýres şäherindäki ilçihanasy beýanata alada bildirýändiklerini habar berdi.
El Pais (Ispaniýa): Ispaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi we awtonom zolaklar "Johnson and Johnson" kärhanasynyň bir dozalyk sanjymyny 60 ýaşdan uly bolan raýatlara edilmegini tassyklady.
El Universal (Meksika): Gwadalahara şäherinde müňlerçe adam öýlerinden alynyp gidilenlerinden soň jesetleri tapylan 3 dogan üçin adaladyň ýola goýulmagy üçin ýöriş geçirdi.
France 24: Kovid-19 epidemiýasy: Fransiýanyň mejlisi adatdan daşary ýagdaýyň bes edilmegi we sanjym pasporty bilen bagly kanun taslamasyny kabul etdi.
Le Matin (Şweýsariýa): Koronawirusyň Hindistanda ýüze çykan mutasiýasy dünýäniň 44 ýurdunda hasaba alynan bolsa, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden sanjym üçin ýardam berilmegi barada çagyryş berdi.
Le Monde: Fransiýada hökümetiň başyndaky LREM partiýasynda, ýerli saýlawlarda dalaşgär boljak başatgyçly bir dalaşgär babatynda pikir aýrylygy emele geldi.
Al Jazeera: Iňlisleriň habar saýtlarynyň biri: "Çaknyşyklar we dawalar". Günbatar mediasy Ysraýylyň eden-etdiligini sypaýyçylyk bilen şular ýaly taryp edýär.
Al-Kudus Al-Arabi: Ysraýylyň basyp alyşyjy goşuny: "Gazadan Ysraýyla 1 müň sany raketa atyldy" diýip aýtdy.
Al-Dustour (Iordaniýa): Ysraýylyň nobatdaky howa hüjümlerinde Gazadaky pasport býurosyna zyýan ýetdi.
Al Jazeera: Global raýdaşlyk kampaniýasynda "Şeýh Jarrahy halas ediň" etiketkasy 2 milliondan geçdi.
RIA Nowosti: Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleg Syromolotow, 2020-nji ýylda Russiýa garşy kiber hüjümleriň aglabasynyň ABŞ, Germaniýa we Gollandiýa ýaly ýurtlardan amala aşyrylandygyny habar berdi.
RBK: WhatsApp, 15-nji maýdan başlap täze syýasatyny kabul etmedik ulanyjylaryny çykarmaga başlar.
Izwestiýa: Russiýada daça öýlerine bolan karz talaplary 3,5 esse artdy.