Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Prezident Rejep Taýýip Erdogan we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlaryny özgertmek babatynda ylalaşdylar.

Watan (Oman): ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň genosid bilen bagly beýanatyndan soň, ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy.

Al-Mustakbal (Liwan): Yragyň paýtagty Bagdatdaky hassahana ýangynyndan soň, ýurdyň Saglygy goraýyş ministri we welaýat gubernatory wezipesinden çetleşdirildi. Waka bilen bagly derňew işi başladyldy.

Bild.de: Entoni Hopkins 29 ýyl arakesmeden soň, Oskar dabarasynda "Iň gowy erkek aktýor" sylagyna laýyk görüldi.

Deutsche Welle: Germaniýa Hindistana Kowid-19-a garşy göreşiň çäginde adatdan daşary ýagdaýda kömek ugradýar.

Spiegel.de: Oskar dabarasy: Iň gowy kino-film sylagyna “Normadland” atly film laýyk görüldi.

France 24: Fransiýada Kowid-19 epidemiýasyna garşy görülýän öňüni alyş çäreleriň çäginde 4 hepde ýapyk bolan başlangyç synp mekdepler we çagalar baglary şu gün açyldy.

Le Monde: Kowid-19: Ýewropa Bileleşigi sanjym bolan amerikaly syýahatçylara serhetlerini açmaga taýar.

Le Parisien: Fransiýanyň 1-nji futbol Ligasy (Ligue 1): Türkiýäniň milli futbolçysy Burak Ýylmazyň garşydaş komandanyň derwezesine 2 pökgi geçiren we gol bilen netijelenen pas beren Lill komandasy, Liony 3-2 hasabynda ýeňdi we çempionlyga ýene-de bir ädim golaýlaşdy.

El Pais (Ispaniýa): Türkiýe ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden tarapyndan toslama ermeni genosidiniň kabul edilmegini ret edýär, ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy.

El Mundo (Ispaniýa): Kowid-19 Ýewropa: Sanjym entek çäreleriň gowşadylmagyna rugsat bermeýär. Koronawirusyň täze görnüşlerine garşy berk ýagdaýda gözegçilik edilmeli.

Prensa Latina (Kuba): Kubaly ýaşlar, ABŞ-nyň embargosyna garşy II Bütindünýä ýasawulyň başynda gelýär.

RIA Nowosti Agentligi: Roskosmos gullugy, Britaniýa degişli 36 aragatnaşyk hemrasyny orbita çykardy.

Kommersant Gazedi: Russiýa benzin eksportyny birnäçe wagtlyk çäklendirip biler.

Lenta.ru: Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, Çehiýanyň elinde Russiýany Wrbetise şäherindäki partlama bilen bagly hiç hili subutnamasynyň ýokdugyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Germaniýa köp sanda owgan raýatyny ýurtdan çykardy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn