Al-Kudus Al-Arabi: Türkiýe Stambulda geçiriljek Owganystan temaly maslahatyň Oraza aýyndan soňa geçirilendigini mälim etdi.
Al-Kudus Al-Arabi: Ysraýyl, Bahreýn bilen aragatnaşyga geçip, BAE bilen bolsa bir maslahat bilen gatnaşyklaryny berkidýär.
Al Jazeera: Palestinanyň Döwlet baştutanynyň ýörite wekili Nabil Ştath Palestinadaky saýlawlaryň yza süýşürilmek ähmitallygynyň üstünde durup geçdi.
Al Jazeera: Türkiýede Müsür we Liwiýa bilen parlamentara dostluk toparynyň döredilmegi bilen bagly teklip orta atyldy.
Zeit.de: Germaniýanyň Demirýollary kärhanasy kartel ylalaşyklary sebäpli, Ýewropa Komissiýasyna 48 million ýewro pul tölemäge mejbur.
dpa: Ukraina krizisi: Russiýa Gara deňizde harby türgenleşik başlatdy.
Frankfurter Allgemeine Zeitung: Germaniýada sarp edijiler koronawirus epidemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda ortaça 1250 ýewro az pul sarp etdiler.
Le Monde: Ýewropanyň Derman edarasynyň berýän habaryna görä, seýrek gabat gelýän ganyň goýalmagy bilen bagly howplara garamazdan Johnson&Johnson kärhanasynyň sanjymy ynamdar.
Le Figaro: Sanjymlar: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, raýatlary AstraZeneca kärhanasynyň sanjymyny etdirmekleri babatynda kynçylyklaryň çekilýändigini habar berdi.
Le Temps (Şweýsariýa): Ýewropa Bileleşigi 2030-njy ýyla çenli kömürturşy gazy azyndan 55 göterim derejesinde azaltmagy kabul etdi.
El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada Awtonom zolaklara bir doza edilýän Johnson&Johnson kärhanasynyň sanjymyndan 150 müň doza ugradyldy.
El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde, koronawirus bilen bagly çäklendirmeleri häzirki howp derejesi geçýänçä çenli dowam etdirmekde tutanýerli.
El Nasional (Wenesuela): Porto-Riko döwletindäki çaga lukmanlary çagalarda we bäbeklerde ýokary derejede gabat gelinmäge başlanan koronawirus wakalaryna alada bildirýärler.
Lenta.ru: Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý Facebook hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine Donbassda duşuşyk geçirmegi teklip etdi.
Izwestiýa Gazedi: Çehiýanyň Daşary işler ministrligi, ýurtda galan beýleki rus diplomatlary hem ýurtdan çykarmagy meýilleşdirýär.
Regnum agentligi: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, şu gün Milli Federal Mejlisde her ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem çykyş eder. Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň beren habaryna görä Putin çykyşynda, "Kowid-19-dan soňky krizis" meselesiniň üstünde durup geçer.