Tagesschau.de: Ýewropa Bileleşigi Mýanmadaky huntaçylara garşy goşmaça sanksiýalar girizdi.
Frankfurter Allgemeine Zeitung: Germaniýanyň Hanau şäherindäki rasist hüjümde öldürilen asly Rumyniýaly 22 ýaşyndaky Wili Pauna hüjüm guralan gijesi görkezen edermenligi sebäpli "Medeni edermenlik medaly" berildi.
WDR Radiosy: Germaniýanyň Ýaşyllar partiýasyndan ýurdyň Federal Kansler wezipesine dalaşgärligine çykan adam, partiýanyň egindeş baştutany Annalena Baerbok boldy.
Aldustour: Ysraýyl bilen bolan gatnaşyklar Wena gepleşiklerine täsir ýetirmeýär, ABŞ Eýran bilen ylalaşyk gazanmagyň bosagasynda.
Alkudus alarabi: Kataryň Emiri Liwana goldaw berýändigini belläp, syýasy taraplary hökümedi gurmagy tizleşdirmäge çagyrdy.
Aljazeera: Sudan, Ysraýyly protest etmek baradaky kanuny ýatyrdy.
Le Monde: Fransiýa garşy duýgularyň Pakistanda ýaňadandan beýgelmeginiň sebäbi, Fransiýanyň Yslamy we Muhammet Pygamberi nyşana alyp çap eden karikaturlar bilen bagly pozisiýasy boldy.
Le Figaro: Energetika bagly kömürturşy gazyň (CO2) ýaýramagynyň 2021-nji ýylda has hem artmagyna garaşylýar.
France 24: Ruanda gyrgynçylygy: Ruanda döwletiniň paýtagty Kigali tarapyndan taýarlanan habarnamada, Fransiýanyň gyrgynçylykda uly jogapkärçiliginiň bolandygy nygtalýar.
Infobae (Argentina): Russiýada geçirilen ylmy-derňewe görä, Sputnik V sanjymy 97,6 göterim täsirlilige eýe.
Telesur (Wenesuela): Wenesuela BMG bilen azyk kömegi bilen bagly ylalaşyk baglaşdy.
Prensa Latina (Kuba): Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres şäherinde mugallymlar ýüz-ýüze bilim berilmäge garşy iş taşlaýyş yglan etdiler.
RBK habar saýty: ABŞ-nyň Russiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jon Salliwan birnäçe hepdeligine Waşingtona gidip, soň Moskwa gaýdyp geler.
TASS: Çehiýa Respublikasynyň birinji Wise-premýeri, Içeri işler ministri we Daşary işler ministriniň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ýan Hamaçek, ÝB-däki we NATO-daky hyzmatdaşlarynyň rus razwedka gullugynyň işgärlerini ýurtlaryndan çykarmaklaryndan hoşal boljakdyklaryny habar berdi.
Lenta.ru: Ýewropa Geňeşiniň Parlamentar mejlisi, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň azat edilmegi we özüne lukmançylyk kömeginiň berilmegini talap etdi.