Bild.de: 18 ýaşyndaky nemes ýaş oglan Kewin Dewid Lehmann, 3,5 milliard dollarlyk puly bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyna girdi.
Spiegel.de: Alymlar pandemiýalaryň öňüni almak üçin maglumatlar bazasyny döretdiler.
El Pais (Ispaniýa): Ispaniýanyň Saglygy goraýyş minstrligi we welaýatlar, AstraZeneka sanjymynyň 60 ýaşdan kiçi ýaşda bolan adamlara edilmegi barada ylalaşydylar.
La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes, täze Afrika meýilnamasynyň çäginde Angola we Senegal döwletlerine sapar guraýar.
Infobae (Argentina): Argentinanyň hökümetinden koronawirus epidemiýasyna garşy goşmaça öňüni alyş çäreler: Sosial çäreleriň goý bolsun edilmegi, restoranlaryň we barlaryň ýapylmagy we köçä çykmak gadagançylygy.
Al-Kuds Al-Arabi: ABŞ palestinalylara ýardam bermäge dowam etmek baradaky kararyň çäginde 235 million dollar berdi.
Al Jazeera: ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy: "Eýrana garşy embargolary aýyrmaga taýardyrys, emma Wenada geçirilýän ýadro gepleşikler kyn bolar" diýip belledi.
Al-Dustour (Iordaniýa): Dünýä derejesinde koronawirus görkezijileri: 3,5 million adamyň ýogalmagyna sebäp boldy we epidemiýa Ýewropada we Braziliýada ýaýbaňlanýar.
Le Soir (Belgiýa): Belgiýa karar berdi: Astrazeneka sanjymy 55 ýaşdan ýokary ýaşda bolan adamlara ediler.
France 24 (Fransiýa): Fransiýa resmi ýagdaýda Pfizer/BioNTech sanjymynyň önümçilgine başlady.
France 24 (Fransiýa): Halkara Günä geçişlik guramasy ösen ýurtlaryň koronawirus sanjymlaryny özlerinde ýyganamaklaryny ýazgardy.
Kommersant: Russiýada 2021-nji ýylyň ilkinji çärýeginde şahsy bankrotlyk sany 81,5 göterim artdy.
Gazeta.ru: Adalatly Russiýa partiýasy parlamendiň aşakgy ganady bolan Duma hormatly dynç alyşlyga çykmak ýaşynyň peseldilmegi bilen bagly kanun taslamasyny hödürledi.
RIA Nowosti: Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew, ABŞ-ny Russiýanyň serhediniň golaýyndaky biolaboratoriýalarda bilogiki ýarag öndürmek bilen günäkärledi.