Alkuds Alarabi: BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Omanyň Ýemendäki araçylyk tagallalary barada öwgüli sözler aýtdy we krizisň bes edilmeginiň gerekdigini belledi.
Aljazeera: Ýewropanyň 18 ýurdunyň Daşary işler ministrleri Siriýadaky harby jenaýatçylaryň jezasyz galmajakdyklary barada söz berdi.
Alraýa: Katar, Siriýada asuda ilata garşy edilýän eden-edtilikleri ýazgardy.
Deutsche Welle: Global haryt söwdalary çak edilşinden has çalt dikelýär.
Der Spiegel: Germaniýada soňky kanunçylyk döwründe 18 wekiliň eldegrilmesizligi aýryldy.
Tagesschau: Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar sanjym maksatnamalaryny durmuşa geçirip bilmediler.
Le Figaro: Kowid-19: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron krizis zamanynda ýalňyşlyklar goýberendigini kabul etdi.
Le Parisien: Kowid-19 sanjymy: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan söz berilen sanjym meýilnamasy, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerinde nägilelik döretdi.
Le Monde: Raýatlykdan jogapkär döwlet ministri Marlen Şýappa, Sekulýarizm gözegçilik öýüniň başga bir gurluş bilen üýtgediljekdigini Senatda tassyklady.
El País (Ispaniýa): ÝB ilkinji çärýek üçin kesgitlän ähli sanjym maksatnamasyny ýerine ýetirip bilenok.
Infobae (Argentina): Braziliýada harby krizis: Braziliýanyň Döwlet baştutany Žair Bolsonaru, ýurdyň Ýaragly güýçleriniň täze serkerdelerini beleldi.
La Tersera (Çili): ABŞ-nyň Baltimor şäherindäki fabrikde bolan ýalňyşlyk sebäpli Johnson & Johnson kärhanasynyň takmynan 15 million doza Kowid-19 sanjymy zir-zibile zyňyldy.
RIA Nowosti: Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borrel Moskwanyň protestlere gatnaşan 3 ýewropaly diplomaty ýurtdan çykarmak baradaky kararyny hüjüm hökmünde häsýetlendirdi.
Gazeta.ru: Rospotrebnadzor gullugynyň wekili, Russiýa Federasiýasyndaky koronawirus epidemiýasynyň awgust aýyna çenli ýok bolup biljekdigini belledi.
Kommersant: ABŞ, Russiýa we Ukraina, rus goşunynyň Ukraina serhedindäki hereketliligi bilen baglanşykly maglumatlary ara alyp maslahatlaşdy.