“Le Parisien”, Fransiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli anna güni agşam 130-den gowrak söwda merkeziniň ýapyljakdygyny habar berýär.
“Frans-24” Fransiýanyň Premýer ministri Kasteksiň, “Kovid-19-a garşy maý aýynyň ortasyna çenli 20 million adama sanjym edilmegini meýilleşdirýäris” diýen sözlerine ýer berýär.
“n.tw.de”: Türkiýäniň günorta gündogarynda bolan dik uçar heläkçiliginde 11 esgeriň ýogalandygyny mälim edýär.
“Zeit.online.de” BMG-nyň habarnamasyna görä, “Dünýäde azyk iýmitleriniň 17 göterimi zir zibile gidýär”
“Frankfurter Allgemeine Saýtung” Ýewropa Derman senagaty gullugy EMA-nyň, rus Kowid-19 sanjymy “Sputnik V” bilen arabaglanşykly barlag geçirjekdigini belleýär.
“Al Gudus Al Araby” Ysraýylyň Goranmak ministri Benny Gantzyň, goşunyň , Eýranyň ýadro desgalaryna hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.
“Al Dustour” Arap ligasynyň, Ýemende harby operasiýalaryň bes edilmegi üçin Husilere halkara derejesinde basyş edilmegini talap edýändigini nygtaýar.
“El Mundo” Ispaniýanyň Prezidenti Pedro Sançesiň düýn simwoliki ýagdaýda geçirlen ETA guramasyna degişli ýaraglaryň hatardan çykarlyş dabarasyna gatnaşandygyny ýazýar.
“El Pais” Ispan hökümetiniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli agyr günleri başdan geçirýän firmalara ýardam berjekdigini belleýär.
“El Nasional” Täze Zelandiýada 8,1 bal ululgynda ýer titremesiniň bolandygyny habar berýär.
“TASS” Russiýanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Anatoli Antonowyň, ABŞ-nyň Russiýada adam hukuklary hakyndaky garaýyşlarynyň kabul edilmesizidigini nygtady.
“Wedomosti” Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, ÝB-niň Russiýa goýan sanksiýalaryny “ähmiýetsiz” hökmünde häsiýetlendirdi.
“Lenta.ru” ABŞ bilen Britaniýanyň, Russiýa täze sanksiýa goýmak üçin taýarlyk görýändigini nygtaýar.