Daşary ýurt kompaniýalary türkmen telekeçilerine karz serişdelerini bermäge taýýar

Daşary ýurt kompaniýalary türkmen telekeçilerine karz serişdelerini bermäge taýýar

Angliýanyň gurluşyk enjamlaryny öndüriji JCB, Fransiýanyň ýük awtoulag öndürijisi “Renault Trucks”, Germaniýanyň maşyngurluşyk kompaniýasy “Wirtgen Group” we Amerikanyň “John Deer” kompaniýasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalaryna enjamlaryny satyn almak üçin ýeňillikli karz serişdelerini bermäge taýýardyr.

TSTB-niň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bu barada kompaniýalaryň wekilleri duşenbe güni geçirilen “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürligi we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki orny” atly halkara onlaýn konferensiýasynda mälim etdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, ýeňillikli karz serişdeleri Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen hyzmatdaşlyk esasynda berler. Şol bir wagtyň özünde, türkmen işewürleri JCB ýörite enjamlary üçin “Bank ABC” tarapyndan, “Wirtgen Group” we “John Deer” enjamlary üçin “External German partner bank & JDF” banky, şeýle hem “Renault Trucks” ýük awtoulaglaryny satyn almak üçin “Renault Trucks’ bank” tarapyndan karz serişdeleri bilen üpjün ediler.

“Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürligi we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki orny” atly halkara konferensiýasy interaktiw onlaýn platformada Angliýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Awstriýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň wekillerini ýygnady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygynda degişli pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk iş duşuşygy geçirildi
Türkmenistan JCB-niň sebitleýin merkezini açmaga isleg bildirýär
Aşgabatda işewürlik boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
Arkadag şäherinde halkara maýa goýum forumy geçirildi
Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip
Beýik Britaniýanyň JCB Sales Limited kompaniýasy Türkmenistana oba hojalyk tehnikalaryny ibermäge gyzyklanma bildirýär