Halkara kompaniýalarynyň ýerli wekilhanalary Argentinanyň we Braziliýanyň bazarlaryny terk etmegi dowam edýärler. Bu barada MercoPress gullugy habar berýär. Wekillikler muny kompaniýalaryň işiniň täze strategik ugry hökmünde düşündiiýärler. Bu ýagdaý öňem ýokanç zerarly ýurtlaryň ýitgi çeken ykdysadyýetlerine ýaramaz täsir edýär.
Mysal üçin, golaýda Argentinada oba hojalyk işleri bilen meşgullanýan Ecolumber ispan kompaniýasy öz işini bes etdi. Soňky aýlarda Latam Airlines, Falabella, Walmart ýa-da MetLife, şeýle hem Axalta we Brightstar kompaniýalary bu ýurtdan gitdiler. Netijede ýüzlerçe adam işsiz galdy.
Braziliýada hem ýagdaý öwerlikli däl, meselem, Panasonic kompaniýasy bu ýurtda telewizorlaryň we beýleki tehnologiýalaryň önümçiligini bes etdi, bu bolsa 130 adamyň işini ýitirmegine getirdi. Kompaniýa bu çözgüdiniň sebäbini ýurtdaky ykdysady ýagdaý bilen delillendirdi.
“Bloomberg” habarlar gullugy kompaniýalaryň öz işini bes etmegini Latyn Amerikasynda ykdysadyýet boýunça üçünji orunda durýan Braziliýada, şeýle-de Argentinada işewürligiň juda çylşyrymlydygy we ýitgilidigi bilen düşündirýär.