Şu günler Türkmenistanda daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alan raýatlaryň diplomlaryny ykrar etmek möwsümi batlanýar. Bu möwsümde paranyň alnyp berilmegi ýokary bilimi tassyklatmak işlerine kölege salýar.
Lebap welaýatynyň Baş bilim müdirligindäki bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde gündogar sebitde raýatlaryň diplomlaryny ykrar etmek işlerine badalga berlendigini aýtdy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlardaky ýokary okuw jaýlarynda mugallymçylyk hünäri boýunça bilim alan lebaply ýaşlar, bilim şahadatnamalaryny ykrar etdirmek üçin, sebit merkezinde ýerleşýän Mugallymçylyk institutynda bir aý möhlet bilen hünär okuw sapaklaryna gatnaşmaly bolýarlar.
“Täjigistan, Belarus, Russiýa we beýleki GDA döwletlerinde mugallymçylyk hünäri boýunça bilim alan ýaşlar Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna berkidildi. Täze hünärmenler diplomlaryny tassyklatmazdan ozal, türkmen dilinde taýýarlyk okuwlaryna gatnaşýarlar, şondan soňra synaga gatnaşýarlar” diýip, Bilim müdirligindäki çeşme aýtdy.
Bilim resmisiniň bu proses boýunça Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen paýlaşan resminamasyna görä, daşary ýurt diplomlaryny ykrar etdirmek isleýän ýaşlardan 17 çemesi resminama talap edilýär.
Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylar ykrar etmek işlerinde paranyň we bermitiň, adat bolşy ýaly, möhüm rol oýnaýandygyny aýdýarlar.
Belarus döwletinde rus dili we edebiýaty ugry boýunça ýokary bilim alyp, häzirki wagtda ýokary bilim şahadatnamasyny tassyklatmaga çalyşýan türkmenabatly Gülkamar (ady üýtgedildi) Mugallymçylyk institutynda geçirilýän taýýarlyk okuw sapaklaryna-da gatnaşmaga zerurluk duýmaýar. Sebäbi, onuň kakasy geljekki mugallymyň diplomyny Türkmenistanda ykrar etdirmek üçin, fewral aýynda Bilim ministrliginden “tanyş tapyp”, müňlerçe dollar beripdir.
“Kakam öňünden, fewral aýynda, ministrlikden adam tapyp, 7 müň dollar möçberinde para berdi. Men hatda bir aýlyk taýýarlyk okuwyna-da baramok” diýip, Gülkamar aýdýar.
Paranyň möçberi tapylan tanşyň täsir güýjüne laýyklykda üýtgäp bilýär. Bäş ýyl çemesi mundan ozal birmeňzeş prosesi başdan geçiren beýleki bir türkmenabatly rus dili mugallymy, Hakberdi, bu ýagdaý barada şeýle diýýär:
“2018-2019-njy ýyllarda paranyň möçberi dollar hasabynda 10-15 müň çemesi dollara barabar bolýardy. Paranyň möçberi tapan tanşyňa bagly, tanşyň ministrlikde bolsa, paranyň möçberi az bolýar, araçylaryň hasabyna nyrhlar ýokarlanyp bilýär” diýip, Hakberdi aýtdy.
Üstesine, Türkmenistanda bäş ýyl ozal walýutanyň gara bazardaky bahasy hem häzirkisinden tapawutlanýardy. Şol döwürlerde bir dollaryň gara bazar bahasy 30 manada çenli çykypdy.
Ýokary bilim şahadatnamasynyň tassykladylmagynda dürli möçberlerde paranyň soralmagy, bu prosesden has-da hyýanatly peýdalanmaga ymtylýan taraplary ýüze çykýar.
“Käbir raýatlar diploma tassykladanda hilegär araçylaryň aldawyna düşýär. Araçylar okuwa salarys, ýa-da diplomyňy ykrar etdireris diýip, dalaşgärlerden ýa-da diplomlaryny tassyklatmakçy bolýan raýatlardan pul alýarlar. Bu ýaşlar diplomlaryny ykrar etdirip, ýa-da ýokary okuw jaýyna girip bilmeýärler. Araçylar gözden gaýyp, ýitirim bolýarlar” diýip, habraçymyzyň Mugallymçylyk institutyndaky çeşmesi aýdýar.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy, lebap sebitinde diplom tassyklatmak möwsümine parallel, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna resminama taýýarlamak we synag tabşyrmak möwsüminiň hem gyzyşýandygyny habar berýär.
Lebaply ýaşlar, Internet päsgelçilikleri sebäpli, giriş synaglaryny onlaýn kabul edýän ýokary okuw jaýlaryna synag tabşyrmakda kösenýärler.
“Russiýanyň we Belarusyň ýokary okuw jaýlaryna Internet arkaly synag tabşyrmakda kynçylyk çekýärin. Öýdäki Wi-Fi-iň güýji ýetmeýär. Ähli etraplaryň dalaşgärleri “Türkmentelekom” kärhanasynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Internet kafesiniň öňünde jemlenişýärler. Dalaşgärleriň hemmesine kompýuter ýetmeýär, irden sagat 6:00-dan başlap, nobatlaryň emele gelýän halatlary bolýar” diýip, Dänew etrabynyň bir ýaşaýjysy aýdýar.
Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynda diplom tassyklatmagyň töwereginde bar bolan problemalar barada welaýat bilim müdirliginden resmi teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.