Daşary ýurt dili çözgüt tapmaga ýardam berýär

Psihologlaryň geçiren barlaglary, daşary ýurt dillerinde gürleýänleriň çylşyrymly ýagdaýlarda has çalt çözgüt tapýandygyny ýüze çykardy. Adam ene dili bolmadyk dilde pikirlenende, ýagdaýa has tankydy baha berýändigi belli boldy.

Çikago uniwersitetiniň bilim boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy, professor Boaz Keýsar daşary ýurt dilini ulanmagyň dartgynly ýagdaýlarda çözgüt kabul etmek prosesini nähili üýtgedýändigini anyklady. Bu barada “The Guardian” neşiri habar berýär. Tejribä gatnaşyjylara puly aljakdyklaryna 50% ähtimallyk bilen 2,5 funt ýa-da kepillendirilen 1 funt hödürlendi. Gatnaşyjylaryň köpüsi ikinji teklibi saýlady.

Gatnaşyjylar üçin daşary ýurt dilinde geçirilen şular ýaly tejribe, meýletinçileriň töwekgelçilik etmäge has taýýardyklaryny görkezdi. Keýsaryň aýtmagyna görä, tejribeden geçýänler daşary ýurt dilinde gürlänlerinde bolup biljek ýitgiler barada az alada edýärdiler.

Psihologyň dowamly tejribeleri adamyň ene dili bolmadyk dile geçen ýagdaýynda has ünsli bolýandygyny görkezdi. Bu onuň näme we nähili gürleýändigi barada pikirlenmeli bolýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Italiýadaky Trent uniwersitetinden psihologiýa professory Silwiýa Purpuri daşary ýurt diliniň dartgynly ýagdaýlarda adamyň özüni alyp barşyna nähili täsir edýändigini öwrendi. Daşary ýurt dili üýtgeýän gurşawa çalt uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa öz gezeginde, öndürijiligi ýokarlandyrýar.

Keýsar diliň üýtgemegi pikirlenişi üýtgetmek üçin gowy gural bolup biler diýip hasaplaýar. Başga bir dile geçmek kyn çözgütleri kabul etmekde has dogruçyl bolmaga kömek edýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Palestina Syýasaty Ýok
12 sany ykdysady taslama maliýeleşdiriler
Kaýseri Gurşun Aşy Çorbasy
AFK-nyň Çempionlar ligasy 2: Altyn asyr — Al-Haldiýa oýnuna iordaniýaly referi eminlik eder
Böwrek daşy biynjalyklygyna tebigy çözgüt teklipleri
SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM