Daşary ýurtlara gitmäge synanyşýan türkmenistanlylaryň ýardam hödürleýän araçylaryň aldawyna düşmegi bilen bagly ýagdaýlar Mary welaýatynda ýüze çykdy. Azatlygyň habarçylary dokumentleri taýýarlap bermegi wada berýänleriň hem-de şeýle araçylaryň hyzmatyndan peýdalanmakçy bolup, işini bitirmän, pulsuz galýan adamlaryň sanynyň köpelýändigini habar berýärler.
"Mary welaýatynda 'daşary ýurtlara işlemäne ugradýaryn, ähli dokumentlik işinem özümiz düzedip berýäris, ýokary wezipeli tanyşlarymyz bar, hatda aeroportdan hem özümiz jogap berip, çykaryp goýberýäris' diýip, adamlardan aldaw ýoly bilen pullaryny aldyrýan adamlaryň sany artýar" diýip, marydaky çeşmeleriň biri 21-nji ýanwarda habar berdi.
Bu ýagdaý ýurtdaky agyr işsizlik zerarly gazanjyň gözleginde daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmäge islegleriň artýan döwründe ýüze çykdy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan Marynyň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmeler ýardam sorap, häkimiýetlere ýüz tutýan adamlaryň sanynyň barha köpelýändigini bellediler.
"Şu günler Marynyň ähli etraplarynda we şäherlerinde aldanyp 60 müň manat pullaryny aldyrýan adamlaryň sany artýar. Her gün polisiýa edaralaryna we kazyýetlere pulymy aldaw ýoly bilen aldylar, yzyna alyp beriň diýip arza bilen ýüz tutýanlaryň sany köpelýär" diýip, Marynyň kanun goraýjy edaralarynyň birinde işleýän çeşme aýtdy.
Özlerini 'araçylar' edip görkezýän hilegärleriň aldawyna düşýänler pasportyny täzelemekde, wiza almakda we beýleki zerur dokumentlerini sazlamakda kynçylyk çekýän adamlar, şol sanda zähmet migrasiýasyna gidip gazanç etmek üçin soňky emlägini satan, ýa-da karz alyp, agyr bergä girýän raýatlar.
Kanun goraýjy edaralardaky çeşmeler häkimiýetlere arz-şikaýat bilen ýüz tutýan raýatlaryň ençemesiniň soňky emlägini aldyran adamlardygyny belleýär.
"Häzir pullaryny aldyryp, şony yzyna alyp bilmän çykgynsyz ýagdaýda ähli kanun goraýjy edaralara arza berýän adamlaryň arasynda 'men awtoulagymy, mellek ýerimi, gyzylymy, malymy we başga-da zatlarymy satdym we şol puly berdim' diýýänler köp" diýip, çeşme aýdýar.
Şeýle-de, çeşme aldanan adamlaryň puly berendigi hakynda kanuny güýji bolan dokumentiň ýokdugyny belledi.
"Häzir bir aýal maşgalanyň üstünden ýazylan 30-dan gowrak arza bar, emma şol aýal maşgala babatynda hiç hili çäre görüp bolmaýar, sebäbi ol aýal maşgalanyň el telefonunda pul berendigini aýdýan her bir adamyň wideo ýazgysy bar.
Wideoda şol adamlar 'men pul bermedim, bu gelneje pul almazdan, mugtyna iş wizasyny almaga we işlemäge gitmäge kömek edýär' diýip öz agyzlary bilen aýdýarlar.Ol gelneje-de men bulardan pul almandygyny aýdýar" diýip, kanun goraýjy gürrüň berdi.
Aldawa düşen adamlaryň ýagdaýyndan gönüden-göni habarly çeşmeler bolsa, araçynyň müşderilerinden puly almandygy hakyndaky wideony ätiýaçlyk üçin talap edýändigini aýdandygyny öňe sürýärler.
"Ol adamlara: Ine men geçen hepde 10 adama Polşa döwletine gitmäge, şol ýerde aýyna 2000 dollarlyk aýlykly işe ýerleşmäge ýardam berdim. Olaryň arasynda biri göriplik etdimi nämemi meni pul aldy diýip, milisiýa beripdir. Şol sebäpden el telefonuma wideo ýazgy etjek diýip, bizi ynandyrdy" diýip, maryly ýaşaýjy Azatlyga gürrüň berdi.
Maryly kanun goraýjy işgär özüniň we kärdeşleriniň hilegärlere puluny aldyrandygyny aýdýan raýatlara Aşgabada ýokary kazyýete ýüz tutmaklaryny salgy berýän halatlarynyň hem az bolmaýandygyny gürrüň berdi.
Türkmenistanda daşary ýurda gitmek isleýän raýatlaryň hilegärleriň duzagyna düşmegi bilen bagly ýagdaýlar soňky ýyllarda ýygy-ýygydan köpçülige mälim bolýar.
Ýurtda migrasiýanyň möçberini görkezýän resmi sanlar çap edilmese-de, türkmen raýatlarynyň daşary ýurt pasportyny edinmek üçin nobatynyň iki ýyldan aşmagy, uçar biletleriniň gytçylygy we serhet geçelgelerinde adamlaryň köplügi güýçli migrasiýanyň akymyndan habar berýär. Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň ýurdy köpçülikleýin terk etmegine köplenç dil üsti bilen girizilýän çäklendiriji talaplaryň sanyny artdyrmak bilen reaksiýa görkezýär.
Daşary ýurt pasportyny ýa-da daşary ýurt wizasyny almak üçin raýatlardan uç-arka resminamasy, bankda bergisiniň ýokdugy we ýurda dolanyp geljegi barada kepilnama ýaly dokumentleriň ençemesi talap edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.