Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň täze bellenen ilçisi kabul edildi

Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň täze bellenen ilçisi kabul edildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlamak bilen, türkmen tarapynyň öňa döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmek ugrunda diplomatik işini ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Taraplar halkara meýdançasynda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly we uzakmöhletleýin häsiýeti nygtaldy. Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň arasynda ýangyç-energetika toplumy, öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamy, ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklaryna maýa goýumlary ýaly ugurlar bar.

Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ulgamyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň örän wajyp ugry hökmünde görkezdiler. Ylym we bilim, medeniýet we sungat pudaklarynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
Türkmenistan-Malaýziýa: ynsanperwer we senagat ulgamlarda hyzmatdaşlyk ähtnamalaryna gol çekildi
Türkmenistan we Malaýziýa hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Aşgabatda Italiýanyň we Malaýziýanyň ilçileriniň arasynda duşuşyk geçirildi
Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar giňeldilýär