Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Afrika ýurtlaryna guraýan saparynyň ikinji duralgasy bolan Zimbabwä bardy.
Ministr Çawuşogly Zimbabwede Wise-prezident Konstantino Guili Dominik Niykadzino Çiwenga bilen duşuşdy.
Ministr Çawuşogly, paýtagt Hararede bolan duşuşyk hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda “Çiwenga bilen bolan duşuşygymyzda özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdyk” diýdi.
Ministr Çawuşogly saparynyň çäginde Zimbabweniň Daşary işler we söwda ministri Frederik Şabani bilen duşuşypdy.