Daşary işler ministri Hakan Fidan Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrem bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannma görä, Billstrem telefon söhbetdeşliginde Hakan Fidany täze wezipesi bilen gutlady.
Ministr Fidan, Şwesiýanyň NATO agzalygy üçin içgin hereket etmelidigini nygtady.
Fidan bilen Billstrem, Bilelikdäki mehanizmiň nobatdaky maslahatyndan soň aragtanaşyk saklamaga dowam etmek boýunça ylalaşyk gazandy.
Türkiýe, Şwesiýanyň NATO agzalygyna garşy durýar.
Ankara terror guramasyna açyk aýdyň goldaw berýän Şwesiýadan terrora garşy göreşde netijeli işleri alyp barmagyna garaşýar.