BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Palestina temaly maslahatyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka giden Daşary işler ministri Hakan Fidan ilki BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy.
Hakan Fidan soň bolsa Alžiriň Daşary işler ministri Ahmed Attaf we Fransiýanyň Daşary işler ministri Stefan Sežurn bilen duşuşdy.
Daşary işler ministrliginiň sosial mediadan beren habarnamasynda, Ministr Fidanyň Nýu-Ýorkdaky Türköýünde Awstriýanyň Daşary işler ministri Aleksandr Şallenberg bilen hem duşuşandygy nygtaldy.