Resmi sapar bilen Malta giden Daşary işler ministri Hakan Fidan paýtagt Wallettada Prezident Jorj Wella we Premýer-ministri Robert Abela bilen duşuşdy.
Daşary işler ministrliginiň sosial mediadan beren habarnamasynda, Ministr Fidanyň San Anton köşgünde Prezident Wella tarapyndan kabul edilendigi nygtaldy.
Hakan Fidanyň soň bolsa Premýer-ministri Abela bilen duşuşandygy bellenildi.
Malta tarapyndan duşuşyk hakynda berlen beýannamada, Ministr Fidan bilen halkara sebitara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtalyp, Ortaýer deňizindäki sebitleýin meseleler, Liwiýada soňky ýagdaý, Türkiýäniň bikanun göçe garşy göreşdäki roly, Ukrainadaky söweş we täsirleri bilen Türkiýäniň Galla geçelgesi ylalaşygyndaky roly hakynda pikir alyşylandygy ýatladyldy.
Ministr Fidanyň Premýer-ministri Abela bilen bolan duşuşygynda bolsa, energetika pudagynyň başda durmagynda söwda gatnaşykalrynyň ösdürilmegi meselesiniň seljerlendigi bellenildi.