Daşary işler ministri Hakan Fidan Ilçileriň 14-nji maslahatynda eden çykyşy

Daşary işler ministri Hakan Fidan Ilçileriň 14-nji maslahatynda eden çykyşy

Daşary işler ministri Hakan Fidan Ilçileriň 14-nji maslahatynda milli daşary syýasat strategiýasy we ministrligiň eýeleýän pozisiýasy hakynda iň giň gerimli çykyşlaryndan birini etdi.Ilki bilen global ulgamyň “çylşyrymly we köpugurly çökgünlikleri” başdan geçirýandigini nygtan Fidan, bar bolan adalatsyzlyga, artýan howplara we ulgamdaky “üýtgetme” zerurlygyna ünsi çekdi.

Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda Türkiýäniň öňdebaryjy ýurtlardan biri hökmünde täze halkara ulgamy ugrukdyryjylaryň hatarynda boljakdygyny nygtady. “Türkiýe asyrynyň” daşary syýasatynyň strategiýasynyň ýurdumyzy “ulgam gurujy güýçlerden birine öwürmekden ybaratdygyny” aýtdy.

Şübhesiz Türkiýe ýekelikde hereket etmez, tersine “çözgüde gönükýän täze köptaraplylylyk düşünjesine” wekilçilik eder. Pandemiýadaky we Ukrainadaky söweşdäki ýaly “giň gerimli we jebisleşdiriji halkara ulgamyň döredilmegi” üçin beýleki ýurtlar bilen bilelikde işleşer.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Dörektory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Fidan çykyşynda 4 sany başlangyç strategik maksady beýan etdi: “Sebimizde parahatçylygy we howpsyzlygy üpjün etmek, daşary gatnaşyklarymyzy konstruktiw taýdan esaslandyrmak, eşretli durmuşy ösdürmek we global maksatlarymyzy güýçlendirmek.” Bu maksatlara ýetmek üçin ykdysadyýetden goranyşa, energetikadan aragatnaşyga çenli ençeme ugruň utgaşyklygy öňe saýlanýar.

Türk daşary syýasatynyň sebitlere, döwletlere we meselelere çemeleşmesini bu maksatlara laýyklykda beýan eden Fidanyň, “milli daşary syýasat strategiýasy” hem Erdoganyň integrirlenen syýasat düşünjesi bilen hem-de hökümetiň 2023-nji ýyldaky saýlaw beýannamasynyň konsepsiýalaşdyrylmagy bilen utgaşýar.

Hakan Fidanyň geljek 5 ýylyň dowamynda beýan edilen maksadyň we strategiýanyň hakykata laýykdygyny we 20 ýyllyk daşary syýasat tejribesinden ugur alýandygy görülýär. Ukraina söweşiniň global ulgama täze durnuksyzlyk we çaknyşyklar getirendigi hem ortada. Afrikadaky tapgyrlaýyn agdarlyşyklar täze güýç bäsleşiginiň sahnalaryndan biri bolar. Global we sebitleýin güýçler täze çökgünlillere hem-de çaknyşyklara garaşýar.

Şeýle şertlerde Fidanyň beýan eden milli daşary syýasat strategiýasy hem zerurlykdan hem-de Türkiýäniň öz üstüne alan täze halkara dereje gözleginden gözbaş alýar.Bu strategiýa iňňän talapkär, emma ýerliksiz görünmeýar.

Konstruktiwleşmä, intregrasiýa, kadalara, köp taraplylyga, dostlar we ýaranlar bilen işleşmeklige sarpa goýýar.Emma bar bolan çökgünlikleriň çözülmegi we ondan baş alyp çykmak üçin hakykata laýyk çemeleşmä esaslanýar.Howpsuzlyk bilen bagly wehimlere hem göz ýetirýär.

Elbetde milli daşary syýasat strategiýasyny iş ýüzüne geçirmek Türkiýe üçin möhüm utgaşyklyk we ukyp talap edýär.Yne bu taýda Prezident Erdoganyň güýçli liderligi we tejribesi iň esasy artykmaçlyk bolup durýar.

“Türkiýe asyry” strategiýasyny iş ýüzüne geçirmek üçin Fidan ministrligiň öňünde goýýan borjy üç ugur bilen jemleýär. Daşary gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn inwentaryny düzmek, bar bolan meseleler we strategik şertler boýunça pozisiýa eýelemek, ministrlikleriň we edaralaryň arasynda utgaşyklygy ýola goýmak.

Fidanyň daşary işler ministrligi üçin kesgitlän bu üç borjy diplomatlary has işjeň we döredijilikli bolmaga gönükdirer hem-de Türkiýäniň soňky ýyllarda eýe bolan diplomatik işjeňligi berçinleşer.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Bişkekde Aliýew Bilen Duşuşdy
Prezident Erdogan Wengriýa Gitdi
Prezident Erdogan, Yragyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Prezident Erdogan Ukrainanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Prezident Erdogan Wenesuelanyň Prezidenti Bilen Duşuşdy
Türki Döwletleriň Guramasynyň Daşary işler ministrleri Geňeşiniň Maslahaty Bişkekde Geçirildi
Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi