Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro, ýurdunda saparda bolan Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşdy.
Maduro duşuşyk hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda duşuşygy “netijeli” hökmünde häsiýetlendirdi.
Prezident Maduro, “Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşygym netijeli geçdi. Doganlyk halk Türkiýe bilen özara gatnaşyklarymyzy we dostlugymyzy berçinleşdirýäris. Bu ugurda ýolumyza birlikde dowam ederis” diýdi.
Paýtagt Karakasda bolan duşuşyga Wenesuelanyň Daşary işler ministri Ýwan Gil bilen Türkiýäniň Karakasdaky Adatdan dalary we doly ygtyýarly ilçisi Aýdan Karamanoglu hem gatnaşdy.
Duşuşyk hakynda Wenesuelanyň Prezident diwanyndan berlen beýannamadai iki ýurduň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edýän ýokary gatnaşyklara üns çekilip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan bilen Prezident Nikolas Maduronyň, Karakas bilen Ankaranyň arasyndaky dostlugy açyk-aýdyň görkezýändigi nygtaldy.
Beýannamada, Türkiýe bilen Wenesuelanyň arasynda dürli ugurlar boýunça 40-dan gowrak hyzmatdaşlyk şertnamasynyň baglaşylandygy, ýaňy ýakynda Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň hem Wenesuelada saparda bolandygy ýatladyldy.