Daşary Işler Ministri Fidan Türkmen Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Daşary Işler Ministri Fidan Türkmen Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Berilen habarnamada; “Ministrimiz Hakan Fidan Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ankarada duşuşdy” diýilýär.

Diplomatik çeşmeler hem Fidan bilen Meredowuň duşuşykda gol çekişiljek täze ylalaşyklar bilen ykdysady pudakda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hasam çuňlaşdyrylmagy üçin bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny beýan edýär.

Türkmenistan bilen 5 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýetme maksadynyn bardygyny beýan edýän çeşmeler, şol maksadyň nähili ýokarlandyryljakdygy hakynda pikir alyşylandygyny nygtaýar.

Çeşmeler ulag gatnawynyň ýeňilleşdirilmegi boýunça edilmeli başlangyçlaryn seljerilendigini beýan edip, türk tebigy gazynyn Türkiýä we Ýewropanyň bazarlaryna ýetirilmegi boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň hem ara alynyp maslahatlaşylandygyny nygtaýar.

Şeýle hem duşuşykda Gazadaky soňky ýagdaý we Ukrainadaky wakalar hakynda pikir alyşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri özara gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşdylar
Raşid Meredow Türkiýäniň daşary işler ministri bilen duşuşdy
15-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Daşary Işler we Goranmak Ministri Ankarada Saparda Bolar
Prezident Erdogan, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi