Daşary işler ministri Hakan Fidan, Palestinanyň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Muhammed Mustafa bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Mesele hakynda berlen beýannamada, Ministr Fidanyň Palestinanyň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Muhammed Mustafa bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.
Fidan bilen Mustafanyň telefon söhbetdeşliginde Gazada we Günbatar Şeriada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.
Fidan bilen Mustafanyň hüjümleriň bes edilmegi üçin edilýän tagallalar hakynda hem pikir alyşandygy bellenildi.
Ministr Fidanyň, Palestinaly toparlaryň arasyndaky ylalaşyk gazanylmagynyň möhümdigine ünsi çekendi ýatladyldy.