Daşary işler ministri Hakan Fidan Russiýada saparda bolýar.
Daşary işler ministri Fidan Russiýanyň paýtagty Moskwada ilki mesheti türkleriniň wekilleri bilen duşuşdy.
Ministr Fidan 2 gün dowam etjek saparynyň çäginde rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşar we BRICS-iň 11-nji iýunda geçiriljek maslahatyna gatnaşar.
Saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde Ukrainada, Siriýada, Liwiýada we Günorta Kawkazda başdan geçirilýän soňky wakalaryň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler seljerler.
Ministr Fidan, Türkiýäniň sebitde dowam edýän söweşiň gysga wagtda bes edilmegi üçin elinden geleni etmäge taýardygyny ýene-de bir gezek nygtar.
2006-njy ýylyň iýun aýynda Russiýada geçirlen halkara ykdysadyýet forumynda Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň gatnaşmagynda döredilen BRICS, 2010-njy ýylda Günorta Afrikanyň, 2024-nji ýylda Müsüriň, Eýranyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň gatnaşmagynda köp milletli halkara gurama öwrüldi we ýenede 30 ýurduň gurama agza bolmak üçin taýardygy mälim edildi.