Daşary işler ministri Hakan Fidan diplomatik tagallalaryny dowam etdirýär.
Daşary işler ministri Hakan Fidan Çeh Respublikasynyň Daşary işler ministri Lipawski, Pakistanyň Daşary işler ministri Muhammed İshak Dar, Latwiýanyň Daşary işler ministri Baiba Braze we Britaniýanyň Daşary işler ministri Lammy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Fidanyň Çeh Respublikasynyň Daşary işler ministri Lipawski bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar, Siriýanyň bitewiligine we syýasy jebisligine laýyklykda durnuklylygyň ýola goýulmalydygyny nygtady.
Ministr Fidanyň Pakistanly kärdeşi bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde hem Siriýanyň durnuklylygy üçin terror guramalaryna garşy göreşiň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Hakan Fidanyň, Latwiýanyň Daşary işler ministri Baiba Braze bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalaryň seljerlendigi ýatladyldy.
Daşary işler ministri Fidanyň, Britaniýaly kärdeşi Lammy bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky soňky wakalaryň sebite ýetirjek täsiriniň gün tertibine getirlendigi bellenildi.