Daşary Işler Ministri Fidan, Gurhanyň Ýakylmagyny Ýazgardy

Daşary Işler Ministri Fidan, Gurhanyň Ýakylmagyny Ýazgardy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Şwesiýanyň NATO agzalygynyň gurama taýdan bähbitli bolup bolmajakdygy meselesiniň jedelleşiklidigini aýtdy.

Hakan Fidan, paýtagt Ankarada saparda bolýan Iordaniýanyň Daşary işler ministri Aýman Safdadi bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Şwesiýada geçen aý Gurhanyň ýykylmagy barada durup geçen Fidan, Stokgolmda Gurhanyň ýakylmagyny we Türkiýäniň beren duýduryşlaryna garamazdan hüjüm meselesinde ünssiz çemeleşilmegini ýene-de bir gezek ýazgarýandyklaryny nygtady.

Ysraýylyň palestinalylara garşy guraýan hüjümlerini hem ýazgaran Hakan Fidan, “Bigünä palestinaly doganlarymyza edilýän basyşlar we guralýan hüjümler gyssagly bes edilmeli” diýdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkiýe bilen Iordaniýanyň sebitde durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdiklerini belledi.

Türkiýe bilen Müsüriň arsayndaky gatnaşyklar hakynda hem durup geçen Fidan, “Taryhy geçmişi, geografik ýerleşişi, medeni we strategik arabaglanşygy sebäpli iki ýurduň biri-birinden aýry bolmagy mümkin däl” diýdi.

Ministr Fidan iki ýurduň ilçi bellejekdigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy
Musa Jarullah
"Parahatçylyk Palestinalylaryň Ýurtlaryndan Çykarylmagy Bilen Ýola Goýlup Bilinmez”
Hakan Fidan Tanýa Faýon bilen duşuşyk geçirdi
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Siriýa temaly maslahata gatnaşdy
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Geçiriljek Siriýa Maslahatyna Gatnaşar