Daşary işler ministri Hakan Fidan, ertir Gollandiýa gider.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Ministr Fidan, saparynyň çäginde gollandiýaly kärdeşi Clot Hanke Brýuinz bilen duşuşar.
Duşuşykda Türkiýäniň ÝB-ne doly agzalyk etaby, Gümrük bileleşiginiň ýaňadandan gözden geçirilmegi we türk raýatlaryna wiza erkinliginiň berilmegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Daşary işler ministri Fidan, Gollandiýadaky türk jemgyýetiniň başdan geçirýän kynçylyklary we geçmişde Gurahana garşy guralan hüjümler meselesini hem gün tertibine getirer.
Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümleri, Ukrainada we Kiprde başdan geçirilýän soňky wakalar hem saparyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.