Günorta gündogar Aziýa Halklar bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Indoneziýa giden Daşary işler ministri Hakan Fidan, Prezident Widodo tarapyndan kabul edildi.
Daşary işler ministrliginiň Twitterden beren habarnamsynda, ministr Fidanyň, Indoneziýanyň paýtagty Jakartada Prezident Widodo tarapyndan kabul edilendigi nygtaldy.
Hakan Fidan maslahatyň çäginde Bangladeşiň Daşary işler ministri Ak Abdul Momen, Wiýetnamyň daşary işler ministri Bui Son we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Haýaşy Ýosimasa we Norwegiýanyň Daşary işler ministri Hudfeld bilen duşuşdy.