Daşary Işler Ministri Fidan Ankarada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi

Daşary Işler Ministri Fidan Ankarada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi

Daşary işler minisrtligi, ministr Hakan Fidanyň paýtagt Ankarada möhüm duşuşyklar geçirendigini habar berdi.

Daşary işler ministrliginiň sosial mediadan beren habarnamasynda, Hakan Fidanyň, Estoniýanyň Parlamentiniň Daşary işler komissiýasynyň başlygy Marko Mihkelsony, Latwiýanyň Parlamentiniň Daşary işler komissiýasynyň başlygy Kolsy we Litwanyň Parlamentiniň Daşary işler komissiýasynyň başlygy Pawilionisi paýtagt Ankarada kabul edendigi nygtaldy.

Beýleki tarapdan Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Malaýziýanyň Daşary işler ministri Zambry Abdul Kadir bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi bellenildi.

Fidan bilen Kadir telefon söhbetdeşliginde Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow Türkiýede Saparda Bolar
Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow Ankara Geldi
Prezident Erdogan Liwiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Hakan Fidan Ukrainanyň Goranmak Ministri Bilen Duşuşdy
Türkiye, Somali-Efiopia gepleşikleriniň birinji tapgyryna ýer eýeçiligini edýär
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi