Daşary Işler Ministri Çawuşogly Ýaponiýada Saparda Bolýar

Daşary Işler Ministri Çawuşogly Ýaponiýada Saparda Bolýar

Janyna kast edilmegi sebäpli ýogalan Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Şinzo Abeniň ertir geçiriljek jynazasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly žurnalistleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky soraglaryna jogap berdi.

Habarçylaryň saparynyň çäginde Ýaponiýanyň Türkiýeden ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglaryny satyn alyp almajakdygy meselesiniň gün tertibine getirlip getirilmejekdigi hakyndaky soragyna jogap beren Çawuşogly, “Biziň öndürýän ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglarymyz dünýäde öndürülýän iň gowy ulaglaryň hatarynda ýer alýar.

Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglary Liwiýada esasan Tripoliniň basylyp alynmagynyň öňüni aldy. Ýaponiýa bilen her ugurda bolşy ýaly goranyş senagaty pudagynda hem ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýäris” diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly Ýaponiýa bilen geljek goranyş senagaty we howpsyzlyk ýaly ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmekden hoşal boljakdyklaryna ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi