Daşary Işler Ministri Çawuşogly DKTR-da Saparda Bolýar

Daşary Işler Ministri Çawuşogly DKTR-da Saparda Bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Girne şäherinde Ak öýde bolan duşuşyga Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal we Türkiýäniň DKTR-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarluy ilçisi Ali Murat Başçeri hem gatnaşdy.

Ministr Çawuşogly metbugata ýapyk häsiýetinde geçen duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda “Kipr Türk jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdyk. Jebisligimizi, bitewiligimizi bozmaga çalyşýanlara asla ýol bermeris” diýdi.

Daşary işler ministri Lapta etrapçasynyň ýaşaýjylary bilen bolan duşuşygynda eden çykyşynda “Kipr türk halky biziň janymyzdyr. Şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem DKTR-ny we Kiprli türklerini asla ýalňyz goýmadyk we goýmarys” diýdi.

Çawuşogly “Kipr meselesinde iki döwletli çözgüt, Kipr türkleriniň özygtyýarlygynyň hemmeler tarapyndan kabul edilmegi üçin tagalla etmäge dowam ederis” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi