Dargan galasy

Dargan galasy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen birnäçe etraplaryň we şäherleriň taryhy atlary dikeldildi. Şol atlar diňe bir gadymy çeşmelerde, ylmy işlerde däl-de, eýsem halkyň hakydasynda hem saklanyp galypdyr. Şol ýer-ýurt atlarynyň arasynda Darganata etrabynyň hem taryhy ady bar.

Häzirki wagtda Amyderýanyň çep kenarynda Dargan ýa-da Darganata atly gadymy şäheriň ýadygärligi ýerleşýär.Dargan galasynyň orta asyrlara degişli taryhy çeşmelerde yzygiderli ýatlanylyp geçilmegi bolsa, onuň öz döwründe gülläp ösen şäher bolandygyndan habar berýär.

Orta asyr arap taryhçysy Al-Makdisi Dargan Horezmiň Jürjandan (Gürgenden) soňky iň uly şäherleriniň biri bolupdyr diýip ýazýar.Ol şeýle-de şu şäherdäki ýaly uly metjidiň şol etrapda ýokdugyny aýdýar.

Alym Dargan sebitinde Amyderýadan esasy geçelgeleriň biriniň bolandygyny hem öz ýazgylarynda belleýär.Bargan diýlip ýatlanylýan geçelgeli galanyň hem Dargan şäheri bolmagynyň ähtimallygy, çünki, arap dilinde W hem D harplarynyň çalşyrylyp okalaýmagy bolup biljek zat diýlip çaklanylýar.

Beýik Seljuk döwletiniň taryhyny ýazyp beýan eden Beýhakynyň maglumatynda türkmenleriň we seljuklaryň her ýyl diýen ýaly Nura Buharadan (Nuratadan) Andargaza gelýändikleri, birnäçe wagt ol ýerde bolýandyklary bellenilýär. Şol maglumatda ýatlanylýan Andargazy-da Türkmenleriň hem Türkmenistanyň taryhyndan materiallary düzüjileriň pikirine görä, Dargan şäheri bolmaly diýlip çaklanylýar.

Beýhakynyň ikinji bir maglumatynda Horezmiň dikmesi Harunyň Gaznewiler döwletiniň soltany Masudyň garşysyna topalaň turuzmaga taýýarlanyp, öz goşunyny güýçlendirmek üçin seljuklara at, ýarag, esbap berip, olary Darganda galdyrmaly diýen buyrugy barada aýdylýar. 1219-njy ýylyň noýabrynda şol etrapda bolan taryhçy Ýakut Dargan şäheriniň Jeýhunyň kenaryndaky Horezmiň serhet şäherleriniň biridigini, ýagny Horezmiň çäginiň başlangyjynda ýerleşýändigini belleýär. 1281 — 1282-nji ýyllarda Hamdallah Kazwini Jigerbent bilen Darganyň arasynyň 7 farsaha (40-45 km) barabardygyny aýdýar.

M.Ý.Masson mongollaryň çozuşy netijesinde bu şäheriň soňky ýazuw çeşmelerinden mahrum bolandygyny ynandyryjy belleýär.Alym S.Atanyýazowyň teswiri bilen, ýagny darga sözüniň gaýykçy, gäminiň baştutany manysynda gelýändigi bilen hem ylalaşman bolmaz.

Sebäbi şol söz bu güne çenli halk arasynda şol manyda ýaşap gelýär.Derýanyň gämi gatnawy bu ýerde uly şäheriň döremegine, onuň adynyň daruga bilen baglanyşdyrylmagyna sebäp bolup biler.

Umuman, X asyryň aýagyndan Amyderýanyň çep kenaryndaky Dargan atly şäher köp ylmy çeşmelerde ýatlanylýar.Jangeldi IŞANKULYÝEW

Ýene degişli makalalar

Ilhalar bagşy Bababamyrat Hamdamow dünýäden ötdi
Diwan edebiýatynyň soňky tanymal şahyry kabul edilýän Şeýh Galip
Düýpli abatlaýyş işlerine mätäç turbalardan gaz syzýar, ilatly ýerlerde gazyň basyşy ymykly peselýär
Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri
Lebapawtoulag — sebitiň ulag kuwwaty
Hazar forumyna taýýarlanýan Türkmenbaşyda raýatlaryň hereket azatlyklary çäklendirilýär