Daniýanyň Daşary işler ministri Lars Lokke Rasmussen Germaniýada geçirilýän 59-njy Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynda beren beýanatynda, güýç merkezi Türkiyäniň Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerden soň Ýewropa Bileleşigi bilen Türkiyäniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk edilmegi barada çagyryş berdi.
G 7-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri hem konferensiýanyň çäginde bir ýere jemlenip, ýer titremeler zerarly Türkiyä gynanç bildirdiler.
Güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerde alynyp barylýan gözleg we halas ediş işlerine kömek bermek maksady bilen gelen Kuweýt döwletiniň toparyndan Eýmen al-Mufrih, Türkiyäniň ýurdy ýaňadandan dikeltmek we gurmak güýjüniň bardygyna ynanýandyklaryny belläp: "Biz hemiş goldaw bereris" diýip belledi.
6-njy fewralda Kahramanmaraş welaýatynda başdan geçirilen 7,7 we 7,6 bal ululugyndaky ýer titremeler müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp boldy, tebigy apat Asyryň Betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilýär.