Daniýaly Wiktoriýa Kýer Teýlwig 2024-nji ýylyň “Älem gözeli” saýlandy

Daniýaly Wiktoriýa Kýer Teýlwig “Älem gözeli 2024” bäsleşiginde ýeňiş gazanan ilkinji Daniýaly zenan boldy. 21 ýaşly professional tansçy, telekeçi we aklawçy gyz beýleki 126 bäsdeşinden öňe saýlanyp, Mehiko şäherinde her ýyl geçirilýän gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Bu ýyl, “Älem gözeli” bäsleşiginiň 72 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek 28 ýaşdan uly bolan aýal-gyzlara hem gatnaşmaga rugsat berildi. Ýaş çäginiň ýatyrylmagy bäsleşigi döwrebaplaşdyrmak baradaky barha artýan talaplaryň netijesinde mümkin boldy. 2023-nji ýyldaky bäsleşigiň öňüsyrasynda “Älem gözeli” guramasy göwreli aýallar ýa-da eneler, şeýle hem nikaly ýa-da nikada durmaýanlar baradaky gadaganlygy ýatyrdy.

Kubanyň wekili bolan Marianela Ançeta şu ýyl 1967-nji ýyldan bäri ilkinji gezek “Älem gözeli” bäsleşigine gatnaşdy.Belarus, Eritreýa we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly birnäçe ýurt hem ilkinji gezek bu bäsleşige gatnaşdylar. /* custom css */ .td_uid_15_673b2e9aef031_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673b2e9aef031_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Turkmenportal BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk baglaşdy, Hytaýyň awtoşaýlary ýüklenen otlusy Türkmenistanyň çäginden geçip gider, Aşgabatda moda hepdeligi tamamlandy
Braziliýada garynjalar internet arkaly kitap satyn aldylar
Real täze hüjümçileri satyn almaz
Türkmenistanly zenan samboçylar Aziýanyň çempionatynyň ilkinji gününde medallaryň üçüsine mynasyp boldular
Aşgabatdan Kazana we Dubaýa dowamly howa gatnawlary gaýtadan dikeldilýär, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde Soňky jaň dabarasy geçirildi, Awaza üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmegiň düzgünleri we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny bildi