Daniýada ýagyş suwy alternatiw çeşme hökmünde ulanylýar

Daniýada ýagyş suwy alternatiw çeşme hökmünde ulanylýar

Daniýada ilkinji gezek gaýtadan işlenen ýagyş suwuny ulanmak boýunça uly synag taslamasy synagdan geçirilýär. Nýue şäherinde suwy arassalaýan ýörite ulgam oturdylýar. Şeýlelikde, bu suw egin-eşikleri ýuwmak we öýleri arassalamak üçin ulanylyp bilner diýip, euronews.com belleýär.

Taslamanyň maksady şäheri suw joşgunlaryndan goramak we suw ätiýaçlygyny tygşytlamakdan ybarat, sebäbi bu çeşme geljekde tükenip biler.

Arhitektor Malene Brýonbergiň öýünde eýýäm şeýle ulgam bar. “Bu wyždanyň sesi. Biziň maşgalamyzda çagalar bar, şonuň üçin biziň öýümizde köp kir ýuwulýar. Biz häzirki hereket düzgünlerini üýtgedip, alternatiw çeşmeleri ulanyp bilýändigimize begenýäris”.

Nýue şäheriniň administrasiýasy şeýle etmek bilen ýerasty suwlaryň ulanylyşyny üçden bir bölege azaltmagy meýilleşdirýär.

Daniýada howanyň üýtgemeginiň netijelerine düýpli taýýarlyk görülýär. Ýurduň munisipalitetleriniň 99%-i suw joşgunynyň bolup biljek ýerlerini görkezýän ýörite kartany işläp taýýarladylar. Maglumatlar 70 ýyl öňünden göz öňünde tutuldy.

Ýene degişli makalalar

Gyzylbalyk eksporty 56 göterim artdy
Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşy badalga aldy
Mewlüt Çawuşogly Maldiwli kärdeşi Şahid bilen metbugat ýygnagyny geçirdi
Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyryna gatnaşyjylaryň aglabasy belli boldy
“Ölmegiň wagty däl” filmi pandemiýa döwrüniň iň köp girdejili filmi boldy
UEFA-nyň Çempionlar ligasy: ikinji tapgyryň birinji gününiň netijeleri