Daniýa planetany halas etmek üçin täze salgyt girizdi

Daniýa planetany halas etmek üçin täze salgyt girizdi

Daniýada klimatyň üýtgemeginden halas etmek maksady bilen planeta üçin zyýanly zyňyndylara täze salgyt girizildi. Ýewropa ýurdunyň häkimiýetleri bu çäre atmosfera goýberilýän kömürturşy gazynyň (CO2) zyňyndylaryny 70% azaltmaga kömek eder diýip hasaplaýarlar. Bu barada hökümete salgylanyp, TV 2 teleýaýlymy habar berýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Klimat we energetika ministri Dan Ýorgensen şeýle salgydyň girizilmegini taryhy waka diýip atlandyrdy. “2030-njy ýyla çenli 4,3 mln tonna möçberindäki CO2 zyňyndylary azaldylar, biziň ýurdumyzda hapa önümçilik ekologiýa taýdan arassa önümçilikden has gymmat bolar” diýip, ol düşündirdi.

Salgydyň möçberi kömürturşy gazynyň bir tonnasy üçin 750-den 1,1 müň Daniýa kronasyna (takmynan, 105 ýa-da 158 dollar) çenli bolar.Töleg ýurduň çägindäki ähli kompaniýalara degişli, ýöne nebitgaz kärhanalary ýeňillik alar, bu barada jikme-jik habar berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň Prezidenti üç ministri işden boşatdy
Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başladyldy
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
Papandreu Türkiýe bilen Gresiýanyň Arasndaky Dialogyň Möhümdigini Beýan Etdi
Türkmenistanyň we Kipriň Russiýadaky ilçileri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar
Türk mediasyna syn