
Russiýaly Daniil Medwedew Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde ýene-de birinji orna geçdi, täzelenen reýting guramanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
Medwedew serbiýaly Nowak Jokowiçiň ornuny eýeledi. 26 ýaşly russiýaly türgen ilkinji gezek 28-nji fewralda dünýä sanawynyň birinji ornuny eýeläp, birinji raketka statusyny üç hepdäniň dowamynda saklady.Täzelenen reýtingiň ikinji ornuna Germaniýanyň wekili Aleksandr Zwerew geçdi.
Jokowiç bolsa üçünji orna düşdi. 2003-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ATP-niň top-2-liginde “uly üçlügiň” (Jokowiç, Rafael Nadal, Rojer Federer) ýekeje-de wekili ýok.Medwedew assosiasiýanyň sanawynda birinji orna geçmegi başaran üçünji russiýaly türgendir.
ATP-niň 13-nji iýundan reýtingi: