Daňdanakan galasy Merwden Sarahsa barýan ýoluň 63 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär. Bu meşhur gala-kerwensaraýyň galyndylary 4,5 gektar meýdany tutýar. Galanyň kem-käsleýin saklanyp galan diwarlarynyň taraplarynyň ölçegi 210 — 216 metre deňdir.
Türkmenistan gazetinde çap edilen makalada bellenilişine görä, Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýolbaşçylygynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu gadymy taryhy ýadygärlikde gazuw-agtaryş, öwreniş hem-de berkidiş işlerini alyp barýarlar.
Möwsümleýin işleriň dowamynda şäheriň gurluş we ýaşaýyş medeniýetine degişli gymmatly maglumatlar ýüze çykaryldy.Galanyň merkezi böleginde Juma metjidiniň ýerleşen ýeri diýlip çaklanýan meýdançada ýer gatlaklary öwrenilenden soň, gazuw-barlag işlerine başlandy.
Ilkinji gazuw-barlag möwsüminde Juma metjidiniň içki howlusynyň demirgazyk burçy açyldy. Demirgazyk-günbatar tarapynda sekiniň üstünde ýerleşdirilen bezegli sütünleriň hatary arassalanyldy. Gazuw-barlag möwsümleriniň netijesinde, metjidiň ilkibaşdaky binagärlik-meýilleşdiriş çözgütleri aýdyňlaşdyryldy. Içki howly giňişliginiň gyralary seki bilen beýgeldilip, genç suwagyna geometrik ösümlik nagyşlary salnyp, oýma usulynda bezelen sütünler hatarynyň ýerleşdirilendigi anyklanyldy.
Makalada bellenilişi ýaly, metjidiň günorta-günbatar tarapynyň merkezinde ýüzi arap ýazgylary we geometrik ösümlik nagyşlary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen mährabyň arhitektura galyndylary ýüze çykaryldy. Genç suwagynyň ýüzünde oýma usulynda bezelen mährabyň aşaky derejesindäki galyndylary abat ýagdaýda saklanypdyr. Metjidiň içki howlusynda häzire çenli ýüze çykarylan maglumatlara, asyl nusgaly parçalara laýyklykda, binagärlik-gurluş bölekleri we bezegleri grafik taýdan gaýtadan dikeldildi.
2023-nji ýylyň meýdan möwsüminiň çäklerinde Juma metjidiniň içki howlusynyň çäklerinde günorta-günbatar tarapdaky saklanyp galan arhitektura gurluşlarynyň galyndylaryny ýüze çykarmak boýunça gazuw-arassalaýyş işleri dowam etdirildi. Metjidiň üsti açylan böleklerine esaslanyp, göwrüm-ýerleşiş aýratynlyklaryny aýdyňlaşdyrmak, howlynyň çäklerini anyklamak we has irki döwre degişli galyndylary ýüze çykarmak meseleleriniň üstünde işlenildi.
Juma metjidiniň burçlary dört tarapa gönükdirilen, inedördül 14,3x14,3 metr ölçegli içki howlusyna we onuň daşyny gurşap alan dälizler toplumyna degişli üsti açylan meýdançanyň çäginde demirgazyk-günbatar tarapyndaky gurluşlaryň galyndylary abadrak ýagdaýda, ilkibaşdaky görnüşinde saklanyp galypdyr.
Bütin metjidiň göwrüm-ýerleşiş çözgüdi kabul edilende, baş orny eýelän bu tarapda, ýagny Juma namazyna gelenleriň ýüzüni mukaddes Käbä gönükdirmäge niýetlenip, sütünler hatarynyň merkezinde möhüm alamat bolup hyzmat edýän mährap ýerleşdirilipdir. Internet ulgamynyň emeli hemradan düşürilen şekillerini seljereniňde, mährabyň ugrunyň, elbetde, bütin Daňdanakan metjidiniň taraplarynyň gadymy binagärler tarapyndan örän takyk kesgitlenendigine göz ýetirmek bolýar.