Daňatar Öwezow adyndaky Ýörite döwlet sazçylyk mekdebiniň döredilmeginiň 90 ýyllygy bellenildi

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Ýörite döwlet sazçylyk mekdebiniň okuwçylarynyň öz bilim alýan mekdebiniň döredilmeginiň şanly senesine -90 ýyllygyna bagyşlanan konserti özboluşly açyldy.Magtymguly adyndaky Sazly drama teatrynyň sahnasynda sazçylyk mekdebiniň Eziz Jumanyýazowyň ýolbaşçylygyndaky simfoniki orkestri Daňatar Öwezow bilen Ýuliý Meýtusyň “Leýli-Mejnun” operasyndan uwertýurany ýerine ýetirdi. 1966-njy ýylda, milli nusgawy saz mekdebiniň düýbüni tutanlaryň biri Daňatar Öwezow aradan çykandan bir aý soň ýurdumyzyň ilkinji sazçylyk uçulişşesine (häzirki sazçylyk mekdebine) onuň ady dakyldy.

Konsertde çykyş edenler Daňatar Öwezowyň, Aşyr Kulyýewiň, Çary Nurymowyň, Weli Muhadowyň...döredijiligini dowam edýänleriň ussatlygyň belentliklerine ýetendiklerini görkezdi.Häzirki wagtda sazçylyk mekdebinde orkestrleriň ýedisi we ansambllaryň bäşisi bar.

Konsertde döredijilik toparlarynyň ählisi çykyş etdi.Sahnanyň aňyrsynda döşi ýubileý nyşanly, dury asman reňkli konsert lybasly, eli dutarly gyzlar durdy.Olaryň arasynda Amanlyk Amanlykowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar ansamblynyň agzalary Gunça Rozyýewa bilen Aýgül Guraýewa hem bardy.

Men olardan: -Tolgunýarsyňyzmy?-- diýip soradym. - Ýok,-diýip, Aýgül jorasyna deregem jogap berdi. -- Biz çykyş etmegem, bu ýerde okamagam gowy görýäris.Tanyş boluň, ine, bu ansamblymyzyň aýdymçysy Gülpam Ýakubowa.

Gülpam beýlekilerden ekabyrrak görünýärdi.Ol Aşgabada Ýöletenden okuwa gelipdir, ol öz ilinde 10 ýaşyndan dessan aýdyp ugrapdyr.Gülpam sahnada bagşylara mahsus intonasiýa baý güýçli sesi bilen aýdyma başlady. Ýeri gelende, sazçylyk mekdebiniň aýdymçylarynyň bu agşamda şowly çykyş edendiklerini bellemek gerek.

Aýratynam tenor sesli aýdymçylar Gurbanmyrat Jumanyýazow, Maksatmyrat Hojaberdiýew we Kadyr Esenow dagy tomaşaçylaryň alkyşyna mynasyp boldular.Rodolfo Falwonyň “Gyzlar, aýtsaňyzlaň, joraňyza” diýen aýdymynyň italýança ýürege ýakyn aýdylmagy tomaşaçylary tolgundyrdy, olar ýaş aýdymçylaryň alkyşyny şowhunly el çarpmalar bilen ýetirdiler.

Oglanlaryň üçüsem şu ýyl okuwy tamamlaýar.Lriki tenor sesli Gurbanmyrat, mugallymlarynyň aýtmagyna görä, okuwa gelende hem eýýäm kemala gelen artistdi.Maksatmyrat şu ýylyň aprelinde TMK-nyň geçiren aýdym-saz bäsleşiginde hem bagşy, hem aýdymçy hökmünde baýrakly orun eýeledi.

Gurbanmyrat Jumanyýazowyň ýerine ýetirmeginde Aleksandra Pahmutowa bilen Nikolaý Dobronrawowyň “Gör, neneňsi ýaşdyk biz” aýdymy diňleýjilere has güýçli täsir etdi.Aýdym ýaňlanýan wagty döredijiligi milli medeniýetimiziň “altyn gaznasyna” giren türkmen kompozitorlarydyr aýdymçy-sazandalarynyň suratlary görkezildi.

Tomaşaçylar aýdymy ör turup diňlediler.Aýdymyň soňky heňleri ýaňlanandan soň ara dym-dyrslyk düşdi, birdenem diňleýjiler güwwüldili el çarpmalar bilen geçen sazandarlary we olaryň ýoluny dowam edýän häzirki ýaşlary mübäreklediler.

Muslim Magomaýewiň “Elegiýa” aýdymyny ussatlarça aýdan Guwanç Saparmyradow hem-de Aram Haçaturýanyň “Gaýane” baletinden bir bölegi ýerine ýetiren Mekan Saryýew dagy talapkär tomaşaçylaryň göwnüni awladylar.Agşam simfoniki orkesriň we dörtlügiň- Kadyr Esenowyň, Çynar Gultyýewanyň, Dildar Myradowanyň we Aýdogdy Gulamowyň ýerine ýetirmeginde Meret Annamyradowyň “Arkadag” aýdymy bilen jemlendi.

Iki sagatdan gowrak dowam eden ýubileý konserti Daňatar Öwezow adyndaky Ýörüte döwlet sazçylyk mekdebiniň taryhynda iň uly döredijilik çäresi boldy.Ol diňleýjilerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy, olary dürli duýgylar ummanyna atardy, zehinli ýaşlary ýüze çykardy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Güýzüň keşbi atly konsert geçirildi
Aşgabatda klasiki aýdym-saz konserti geçirildi
Täk ýaşly ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň ajaýyp üstünligi, robot tehnikasy boýunça halkara bäsleşikde gazanylan üstünlik, Awazadaky kenarýaka festiwaly, Migrasiýa boýunça halkara guramadaky we ETL-däki boş iş orunlary we beýleki habarlar
Türkmenistanda ykdysadyýet ugry boýunça onlaýn olimpiada geçirildi